TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň REKORDLARY

Häzire çenli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň 4-sinde hem umumytoparlaýyn bäsleşikde Hytaýyň ýygyndysy 1-nji orny eýeläpdir. Olaryň iň ýokary görkezijisi 2007-nji ýylda Makaoda geçirilen Oýunlarda hasaba alnyp, şonda hytaýly türgenler jemi 102 medala mynasyp bolupdyrlar. «Aşgabat 2017» oýunlarynda bolsa umumytoparlaýyn bäsleşikde 1-nji orny eýelän Türkmenistanyň ýygyndysy jemi 245 medal gazandy. Munuň özi türkmen sportunyň soňky birnäçe ýylda sportuň onlarça görnüşi boýunça durnukly ösüş gazanandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Adatça iri ýaryşlara mahsus bolan ýene bir aýratynlyk täze rekordlaryň goýulýanlygydyr. Aşgabatdaky oýunlarda diňe suwda ýüzüjileriň ýaryşynda rekordlaryň 22-si hasaba alyndy. Ýeňil atletika boýunça guralan ýaryşlaryň dowamynda Aziýa oýunlarynyň 4 rekordynyň täzelenendigi gyzgyny bilen habar berildi. Agyr atletikada bolsa, dünýä rekordy we Okeaniýanyň rekordy hasaba alyndy.

Gysga aralyga suwda ýüzmek boýunça ýaryşlarda goýlan rekordlar

1. 22-nji sentýabr, Wang Lizhuo, Hytaý, erkekleriň arasynda 100 metr aralyga brass, 58,24 sekunt – oýunlaryň rekordy.

2. 22-nji sentýabr, Jenjira Srisa-Ard, Taýland, zenanlaryň arasynda 50 metr aralyga fristaýl, 24,71 sekunt – oýunlaryň rekordy.

3. 22-nji sentýabr, Wang Lizhuo, Hytaý, erkekleriň arasynda 100 metr aralyga brass, 57,02 sekunt – oýunlaryň rekordy.

4. 22-nji sentýabr, Ti Anh Wien Nguýen, Wýetnam, zenanlaryň arasynda 200 metr aralyga toplumlaýyn, 2 minut 09:78 sekunt – oýunlaryň rekordy.

5. 22-nji sentýabr, Haiýang Kuin, Hytaý, erkekleriň arasynda 200 metr aralyga toplumlaýyn, 1 minut 55:20 sekunt – oýunlaryň rekordy.

6. 22-nji sentýabr, Gonkong, zenanlaryň arasynda 4x50 metr aralyga estafeta ýaryşy, 1 minut 48:79 sekunt – oýunlaryň rekordy.

7. 22-nji sentýabr, Koreýa Respublikasy, erkekleriň arasynda 4x50 metr aralyga estafeta ýaryşy, 1 minut 35:28 sekunt – oýunlaryň rekordy.

8. 23-nji sentýabr, Wang Lizhuo, Hytaý, erkekleriň arasynda 50 metr aralyga brass – 26,71 sekunt – oýunlaryň rekordy.

9. 23-nji sentýabr, Wang Lizhuo, Hytaý, erkekleriň arasynda 50 metr aralyga brass – 26,65 sekunt – oýunlaryň rekordy.

10. 23-nji sentýabr, Dongwon Jeong, Koreýa Respublikasy, erkekleriň arasynda 50 metr aralyga brass, 23:22 sekunt – oýunlaryň rekordy.

11. 23-nji sentýabr, Hytaý, zenanlaryň arasynda 4x100 metr aralyga estafeta ýaryşy, 3 minut 37,94 sekunt – oýunlaryň rekordy.

12. 23-nji sentýabr, Hytaý Taýpeýi, erkekleriň arasynda 4x100 metr aralyga estafeta ýaryşy, 3 minut 14,60 sekunt – oýunlaryň rekordy.

13. 24-nji sentýabr, Peng Wang, Hytaý, erkekleriň arasynda 50 metr aralyga batterflaý, 22,81 sekunt – oýunlaryň rekordy.

14. 24-nji sentýabr, Peng Wang, Hytaý, erkekleriň arasynda 50 metr aralyga batterflaý, 22,80 sekunt – oýunlaryň rekordy.

15. 24-nji sentýabr, Sun Meiçen, Hytaý, zenanlaryň arasynda 200 metr aralyga fristaýl, 1 minut 55,57 sekunt – oýunlaryň rekordy.

16. 24-nji sentýabr, Hytaý, zenanlaryň arasynda 4x50 metr aralyga estafeta ýaryşy, 1 minut 40,16 sekunt – oýunlaryň rekordy.

17. 24-nji sentýabr, Hytaý Taýpeýi, erkekleriň arasynda 4x50 metr aralyga estafeta ýaryşy, 1 minut 28,08 sekunt – oýunlaryň rekordy.

18. 25-nji sentýabr, Ti An Wien Nguýen, Wýetnam, zenanlaryň arasynda 100 metr aralyga toplumlaýyn, 1 minut 00,68 sekunt – oýunlaryň rekordy.

19. 25-nji sentýabr, Sun Meiçen, Hytaý, zenanlaryň arasynda 100 metr aralyga fristaýl, 53,31 sekunt – oýunlaryň rekordy.

20. 25-nji sentýabr, Adil Kaskabaý (Gazagystan), erkekleriň arasynda 100 metr aralyga fristaýl, 47,63 sekunt – oýunlaryň rekordy.

21. 25-nji sentýabr, Daleun Kim, Koreýa Respublikasy, zenanlaryň arasynda 50 metr aralyga brass, 30,88 sekunt – oýunlaryň rekordy.

22. 25-nji sentýabr, Hytaý, erkekleriň arasynda 4x100 metr aralyga estafeta ýaryşy, 3 minut 29,75 sekunt – oýunlaryň rekordy.

Agyr atletikaçy gyz Okeaniýanyň rekordyny täzeledi
Aşgabatda agyr atletika boýunça ýene-de bir rekord täzelendi. Has takygy, Fijiden gelen agyr atletikaçy gyz Eileen Çikamatana Okeaniýanyň ozal hem özüne degişli bolan rekordyny täzeledi. Şu ýylyň 4 — 6-njy awgusty aralygynda Täze Kaledoniýanyň Mont Dore şäherinde geçirilen Okeaniýanyň halkara klublar çempionatynda umumylykda 250 kilogramlyk netije görkezen agyr atletikaçy öňki rekordyndan 50 gün çemesi soň 253 kilogram netije bilen öz rekordyny täzeledi.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy