24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

Babyr bilekli pälwanlar

Biz Olimp or­ta sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi­si Döw­let­gel­di My­ra­dow bi­len spor­tuň dzýudo gör­nü­şi boýunça bu ýerde ge­çi­ril­ýän tür­gen­le­şi­giň gi­di­şi bi­len gy­zyk­la­nyp, söh­bet­deş bol­duk.

— Döw­let­gel­di, il­ki bi­len öňü­miz­de ga­raş­ýan iri hal­ka­ra ýa­ry­şy­na taý­ýar­ly­gyň gi­di­şi dog­ru­syn­da­ky gür­rü­ňe baş­la­ýa­lyň?!
 — Sag bo­luň. Ha­ky­kat­dan hem, biz bü­tin dün­ýä­niň ün­sün­de bol­jak hal­ka­ra ýa­ry­şy­nyň bo­sa­ga­syn­da du­rus. Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da şow­ly çy­kyş et­mek üçin tür­gen­le­şik­ler hä­zir­ki gün­ler­den do­wam ed­ýär. As­lyn­da, bi­ziň mek­de­bi­miz tür­gen ýaş­la­ry taý­ýar­la­ýar. Bu ola­ra uly ýaş­da­ky bäs­le­şik­le­re des­si­ne gi­riş­mä­ge oňat müm­kin­çi­lik ber­ýär.
— Bel­ki-de, Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da ýe­tiş­di­ren tür­gen­le­ri­ňiz­den gat­naş­ýan­la­ry bar­dyr?!
— Mek­de­bi­mi­zi ta­mam­lan uçu­rym­la­ry­my­zyň iki­sin­den, Nur­ber­di­han Oraz­mäm­me­dow­dan (74 ki­log­ra­ma çen­li) hem-de Ka­dyr Re­jep­gu­ly­ýew­den (68 ki­log­ra­ma çen­li) ta­ma­myz örän uly.
— Döw­let­gel­di, “Ata kes­bi, og­la ha­lal” diý­lip­dir...
— Nä­me diý­jek bol­ýa­ny­ňy­zy aň­dym. Dog­ry, ka­ka­myň tür­gen­le­şik­le­rin­de ulal­dym. 
— 1992-nji ýyl­da “Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si” di­ýen hor­mat­ly ada my­na­syp bo­lan köp çarşen­bä­ni baş­dan ge­çi­ren ka­ka­ňyz Täç­mu­ham­met My­ra­do­wy ýur­du­my­zyň sport äle­mi ga­ty go­wy ta­na­ýar.
— Ka­kaň yzy­ny ýö­ret­mek bir ta­rap­dan ab­raý, bir ta­rap­dan bol­sa örän çe­kin­dir­ýär. Ge­çen asy­ryň 70-nji ýyl­la­ryn­da zäh­met ýo­lu­na baş­lan ka­ka­myň il­kin­ji okuw­çy­sy Ça­ry Baý­ram­dur­dy­ýew 1992-nji ýyl­da sam­bo bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ikin­ji orny eýeledi. 2013-nji ýyl­da bol­sa Ýu­sup Ata­my­ra­dow Gre­si­ýa­da sam­bo bo­ýun­ça ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, ka­ka­my be­gen­di­rip­di. Umu­man, ge­çen bu ara­lyk­da onuň tür­gen­le­ri­niň on­lar­ça­sy dün­ýä are­na­syn­da ta­pa­wut­lan­dy. Bu bol­sa me­niň tür­gen­le­şik­le­re örän taý­ýar­lyk­ly gel­me­gi­me iter­gi ber­ýär. 
— Hä­zir­ki geç­ýän tür­gen­le­şik­le­riňiz­de-de ka­kaňyzyň tej­ri­be­sin­den peý­da­lan­ýaňyz­my?
— Umu­man, biz mek­de­bi­mi­ziň 8-11-nji synp okuw­çy­la­ry­na dzýudo­nyň in­çe til­sim­le­ri­ni öw­red­ýä­ris. Hep­dä­niň al­ty gü­ni biz tür­gen­le­şik za­lyn­da. Ka­kam hem el­my­da­ma ýa­nym­da. Esa­sy tür­gen­le­şik­le­ri özüm alyp bar­ýan. Ýal­ňy­şan ýa-da do­ly dü­şün­dir­me­dik ýe­rim­de ka­ka­myň ber­ýän mas­la­hat­la­ry örän jü­pü­ne düş­ýär. 
— Döw­let­gel­di, özüň hem ýur­du­myz­da ta­nal­ýan tür­gen­le­riň bi­ri.
— Ýa­ňy hem bel­läp ge­çip­dim, ça­ga­lyk­dan ka­ka­myň be­ren tür­gen­le­şik­le­ri ýur­du­my­zyň bir­nä­çe ge­zek çem­pio­ny di­ýen de­re­jä­ni ga­zan­ma­gy­ma uly ýar­dam et­di. Şeý­le-de 1998-nji ýyl­da Daş­kent­de sam­bo bo­ýun­ça ge­çen hal­ka­ra ýa­ry­şyn­da hor­mat mün­be­ri­niň üçün­ji bas­gan­ça­gy­na çyk­ma­gy ba­şar­dym. 
— Tä­lim­çi­lik ýo­lu­na ha­çan baş­la­dy­ňyz?
— 2003-nji ýyl­da, şol wagtky Türkmen döwlet sport we syýahatçylyk inistitutyny ta­mam­la­nym­dan soň, tä­lim­çi bol­ma­gy ýü­re­gi­me düw­düm. Il­ki Aş­ga­ba­dyň ba­şa-baş sö­weş sport mek­de­bin­de tä­lim ber­dim. In­di bir­nä­çe ýyl bä­ri bolsa ka­kam bi­len bu mek­dep­de egin-eg­ne be­rip iş­le­ýä­ris. 
— Tü­we­le­me, özü­ňem og­lan­la­ryň ara­syn­da. Tür­gen­le­şik­de her ki­miň öz ýe­ri­ne ýe­tir­ýän emel­le­ri bar­dyr...
— Ýa­ryş wagt­la­ry özüm-ä dy­zy­ňy epip ar­kaňdan aşyrmak hem-de de­gir­men emel­le­ri­ni ula­nar­dym. Ýö­ne hä­zir­ki ta­lap­lar düý­bün­den baş­ga. Şo­nuň üçi­nem og­lan­la­ra hem­me emel­le­ri do­ly we dürs öw­ret­me­gi esa­sy mak­sat edin­ýä­ris. 
— Be­ren tä­sir­li gür­rüň­le­ri­ňiz üçin köp sag bo­luň. Üstünlik hemraňyz bolsun! 

Söh­bet­deş bo­lan Oraz­gel­di Gel­di­ýew
“Biz­nes rek­la­ma”

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy