Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Sport hü­när­men­le­ri üçin Açyk ga­py­lar gü­ni

Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na top­lum­la­ýyn taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de Mil­li olim­pi­ýa ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­de da­şa­ry ýurt­ly sport hü­när­men­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da Açyk ga­py­lar gü­ni ge­çi­ril­di. 
Hy­ta­ýyň, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň, Hytaý Taý­pe­ýiniň we Ga­za­gys­ta­nyň Olim­pi­ýa ko­mi­tet­le­ri­niň we­kil­le­rin­den yba­rat bo­lan myh­man­la­ra hä­zir­ki wagt­da ta­mam­laý­jy tap­gyr­da bar­ýan Azia­da­nyň des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şy ba­ra­da wi­deo­şe­kil­ler gör­ke­zil­di. Myh­man­lar tür­gen­le­riň ýa­şa­jak jaý­la­ry bi­len hem ta­nyş­dy­lar we otag­la­ryň gel­şik­li­li­gi­ne, be­ze­gi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler.
Şä­her­ji­giň çäk­le­rin­de mo­no­rels ýo­da­sy bi­len ge­ze­lenç gu­ra­lan­da, ki­çi ot­ly­nyň pen­ji­re­le­rin­den yk­jam te­le­fon­la­ry, wi­deo­ka­me­ra­la­ry bi­len her bir za­dy su­ra­ta dü­şür­ýän­dik­le­ri ola­ryň haý­ran gal­ýan­dy­gy­ny äş­gär gör­kez­di.
Da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar sport des­ga­la­ry­nyň hil de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, ola­ryň kä­bi­ri şeý­le top­lum­la­ry he­niz gör­män­di­gi­ni bel­le­di­ler. 
Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­tin­de da­şa­ry ýurt­ly sport hü­när­men­le­ri bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di. 
 

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy