24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

Azia­da ýa­kyn­laş­ýar, bilimiz guşalgy

Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň baş­lan­ma­gy­na  az wagt gal­dy. Şol my­na­sy­bet­li gö­rül­ýän taý­ýar­lyk­la­ryň çäk­le­rin­de Aş­ga­ba­dyň dok­ma top­lu­my­nyň önüm­çi­li­gi-de güýç­li dep­gin­de do­wam ed­ýär. Ýa­kyn­da dok­ma top­lu­my­myz­da dür­li gör­nüş­li ham­mam ly­bas­la­ry, el çal­gyç­la­ry, ýor­gan­dyr ýas­syk daş­la­ry we beý­le­ki sow­gat­lyk önüm­le­ri V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň tu­ma­ry şe­kil­len­di­ri­len gör­nüş­de ön­dü­ri­lip baş­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň 70 %-i şol ny­şan­lar bi­len ön­dü­ril­ýär. Top­lu­my­myz dört, ýag­ny nah-egir­me, dok­ma, bo­ýag we ti­kin fab­ri­gin­den yba­rat­dyr. Kär­ha­na­myz­da iş üç çal­şyk bo­ýun­ça he­re­ket edip, 3000-den gow­rak dok­ma­çy ar­man-ýa­da­man zäh­met çek­ýär­. Şeý­le-de önüm bar­laý­jy we gap­laý­jy bö­lüm­le­ri­miz bar. Bu bol­sa ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň hi­li­ne gö­zeg­çi­lik et­mä­ge, ola­ry sel­jer­mä­ge uly müm­kin­çi­lik ber­ýär. Go­laý­da ça­ga ham­mam ha­lat­la­ry­nyň we el çal­gyç­la­ryň dür­li öl­çeg­dä­ki gör­nüş­le­ri­ni ön­dü­rip baş­la­dyk. Dok­ma top­lumyň iki söw­da mer­ke­zi bo­lup, olaryň bi­ri top­lu­mda, beý­le­ki­si-de paý­tag­ty­my­zy­ň “Gal­ky­nyş” kö­çe­si­niň ug­run­da ýer­leş­ýär. Sow­gat­lyk hök­mün­de-de amat­ly bo­lan bu önüm­ler yn­san be­de­ni üçin ýa­kym­ly aras­sa pa­myk­dan ön­dü­ril­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne top­lu­my­my­za da­şa­ry ýurt­lar­dan gel­ýän sargytlaryň art­ma­gy hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Ta­ry­ha al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­jak bu şan­ly wa­ka my­na­syp go­şant goş­mak bol­sa bi­zi tä­ze-tä­ze mak­sat­la­ra ruh­lan­dyr­ýar. 

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy