Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Olimpiýa şäherjiginde guralan synag ýaryşlary

Sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na hä­zir­ki wagt­dan ykjam taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Geçen hepdede Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­de agyr at­le­ti­ka, kik­bok­sing hem-de suw­da ýüz­mek bo­ýun­ça ge­çi­ri­len sy­nag ýa­ryş­la­ry paý­tag­ty­my­zyň Azi­ýa oýun­la­ry­na ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­dy­gy­ny iş ýü­zün­de gör­kez­di.
Agyr at­le­ti­ka
​​​​​​​Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Azi­ýa çem­pio­na­ty­nda tür­gen­ler me­dal­la­ryň 144-si ug­run­da güýç sy­na­nyş­dy­lar. Ge­çen to­mus­da Rio-de-Ža­neý­ro­da ge­çi­ri­len to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da azi­ýa­ly agyr at­le­ti­ka­çy­la­ryň umu­my goý­lan 45 me­da­lyň 31-si­ne my­na­syp bo­lan­dyk­la­ry paý­tag­ty­myz­da­ky ýa­ry­şyň ýo­ka­ry de­re­jä my­na­syp­dy­gy­ny gör­kez­ýär.   Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len yk­lym de­re­je­li ýa­ry­şa Ýa­po­ni­ýa­dan, Hy­taý­dan, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­dan, Oman­dan, Ku­weýt­den, Ior­da­ni­ýa­dan, Si­ri­ýa­dan, Yrak­dan, Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndan – je­mi 30-dan gow­rak ýurt­dan agyr at­le­ti­ka­çy­la­ryň 200-e go­la­ýy gat­naş­dy. Azi­ýa çem­pio­na­tyn­yň dowamynda Hojamämmet Toýçyýew altyn medal gazandy. Ildeşlerimiziň yklym derejesindäki bäsleşiklerde häzirki üstinlige çenli diňe bir gezek, ýagny 1994-nji ýyldaky Aziýa oýunlarynda agyr atletikada altyn medal gazanandyklaryny ýatladýarys.
Ge­çi­ri­len sy­nag bäs­le­şik­le­ri paý­tag­ty­my­zyň Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na do­ly taý­ýar­dy­gy­ny gör­kez­di.  Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Azi­ýa çem­pio­na­ty­nyň dowamynda türkmenistanly tür­gen­ler dürli  görnüşli me­dal­la­ryň 10-syna mynasyp boldular.   Agyr atletika, kikboksing we suwda ýüzmek boýunça guralan synag ýaryşlarynda  meýletinçileriň tejribe toplamaklary üçin oňat mümkinçilikler döredildi.  Suwda ýüzmek boýunça ge­çi­ri­len bäs­le­şik­lerde tür­gen­le­ri­miz umu­my to­par­la­ýyn bäs­le­şik­de dördünji or­ny (11 medal) eýe­le­di­ler.

 Kik­bok­sing
Paý­tag­ty­myz­da kik­bok­sing bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Azi­ýa yk­ly­my­na we­kil­çi­lik ed­ýän ýy­gyn­dy­la­ryň 20-si­niň tür­gen­le­riniň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra ýa­ry­şyn­da er­kek tür­gen­ler ring­de 27 de­re­je­de, ze­nan­lar bol­sa de­re­je­le­riň 10-sy ug­run­da gö­reş­di­ler. Ta­ta­mi­de ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de bol­sa er­kek tür­gen­ler 28, ze­nan­lar 16 de­re­je­de ýe­ňi­ji­ni kes­git­le­di­ler. Kik­bok­sin­giň ýur­du­myz­da uly meş­hur­ly­ga eýe­di­gi­ni sy­nag bäs­le­şi­gin­de ýy­gyn­dy­my­zyň dürli görnüşli medallaryň ençemesini gazanyp, umu­to­par­la­ýyn bäs­le­şik­de  öňe saýlanandygy hem tas­syk­la­ýar.

Suw­da ýüz­mek
Ýe­ne-de bir ab­raý­ly bäs­le­şi­gi suw­da ýüz­mek bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa çem­pio­na­ty­ny paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi kabul etdi. Bu ab­raý­ly ýa­ry­şyň paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­me­gi hal­ka­ra sport gu­ra­ma­la­ry­nyň ýur­du­my­za bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy­nyň ulu­dy­gy­ny su­but ed­ýär. Ga­za­gys­tan­dan, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­dan, Öz­be­gis­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Eý­ran­dan, Ow­ga­nys­tan­dan ge­len tür­gen­ler bi­len bir­lik­de ýur­du­my­za we­kil­çi­lik ed­ýän tür­gen­ler suwda ýüzmek boýunça bäsleşip, öz aralarynda ýeňijini kesgitlediler.

 

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy