24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

Azia­da­da ýur­du­my­za ab­raý ge­tir­mek is­le­ýä­rin

– Ýur­du­myz­da tä­ze meş­gul­la­ny­lyp baş­la­nan taý bok­sy saý­la­ma­gy­ňa nä­me se­bäp bol­dy?

– As­lyn­da, men kik­boks­dan baş­la­dym. Agam Oraz­mu­ham­met Bä­şi­mo­wyň kik­boks­da­ky ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri me­ni ki­çi­lik­den bu spor­ta im­rin­dir­di. Ol hä­zir­ki wagt­da taý bok­sy fe­de­ra­si­ýa­sy­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýär.

– Diý­mek, sport­da­ky ýo­lu­ňy saý­la­ma­gy­ňda agaň tä­si­ri uly-da?!

– Ha­wa, 2014-nji ýyl­da taý boks fe­de­ra­si­ýa­sy açy­la­n­dan soň, men bar ün­sü­mi taý bok­sun­da jem­le­dim.

– Taý bok­s bo­ýun­ça ga­za­nan ne­ti­je­le­riň dog­ru­syn­da gür­rü­ňi­mi­zi do­wam edä­ýe­li?!

– Ýur­du­my­zyň 5 ge­zek çem­pio­ny bol­dum. Ge­çen ýyl Rus­si­ýa­nyň Ka­zan şä­he­rin­de ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da bü­rünç me­da­ly ga­zan­ma­gy ba­şar­dym. On­dan öň bol­sa An­tal­ýa­da Ýew­ro­pa­nyň Açyk bi­rin­ji­li­gin­de il­kin­ji üç­lü­ge düş­düm.

– Da­şa­ry ýurt­ly tür­gen­ler bi­len tej­ri­be alyş­ýar­sy­ňyz­my?

– Ýa­kyn­da Taý­lan­dyň Sa­mui ada­syn­da okuw-tür­gen­le­şik iş­le­ri­ni ge­çir­dik.

– Azi­ýa oýun­la­ryn­da haý­sy ag­ram­lyk de­re­je­de çy­kyş et­mek­çi bol­ýar­syň?

– 75 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram­lyk de­re­je­sin­de çy­kyş ederin. 

– Be­ren täsirli gür­rüň­le­ri­ň üçin köp sag bo­l! Üstünlik hemraň bolsun! 

– Ne­sip bol­sa, Azi­ýa oýun­la­ryn­da di­ňe al­tyn me­dal ga­za­nyp, ýur­du­my­za ab­raý ge­tir­me­gi mak­sat edin­ýä­rin.

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy