Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Sportda professional bolmasaň hem, saglyk üçin sport hökman gerekdir

“Bag­ty­ýar­lyk” sport top­lu­my­nda sport tan­sy hem giňden ýo­la go­ýul­dy. Bu ýer­de paý­tag­ty­myz bo­ýun­ça ça­ga­la­ra dynç al­mak üçin ni­ýet­le­nen ýe­ke­-täk ak­wa­park hem bar. Ak­wo­par­ka hö­wes­li gel­ýän ça­ga­jyk­lar, wagt­la­ry­ny örän gy­zyk­ly ge­çi­rip, şa­dy­ýan dynç al­ýar­lar. Şeý­le hem Azia­da – 2017-ä gat­naş­jak taý­boks­çy­lar tür­gen­le­şik geç­ýär­ler. Bu ýer­de spor­tuň dür­li ugur­la­ry, esa­san hem, ýo­ga bo­ýun­ça tür­gen­leş­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar. Ýo­ga gat­naş­ýan­lar 7 to­pa­ra bö­lü­nip, hepdäniň 2, 4, 6-njy gün­le­ri 9-dan 12-ä we 17-den 21-e çen­li tür­gen­le­şik do­wam ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da top­lu­ma ýo­ga ug­ry bo­ýun­ça sag­lyk­la­ry­na peý­da ta­pyp gel­ýän­le­riň sa­ny 700-e ýet­di. Ola­ra Hin­dis­tan­dan ge­len ýo­ga bo­ýun­ça hü­när­men­ler tä­lim­çi­lik ed­ýär.
   Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk et­rap hä­kim­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky “Bag­ty­ýar­lyk” sport top­lu­my­ paý­tag­ty­my­zyň iň bir gelim-gidimli mer­ke­zleriniň biri bolup, 2015-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da açy­lyp ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de spor­tuň bas­ket­bol, wo­leý­bol, gand­bol, açyk ten­nis, ki­çi fut­bol, bil­ýard, gim­nas­ti­ka, boks we suw­da ýüz­mek ýa­ly giň­den ýaý­ran gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tür­gen­le­şik­ler ge­çil­ýär. Ýe­ne-de bir bel­le­me­li aý­ra­tyn­ly­gy, bu top­lum­da suw­da ýüz­mek bo­ýun­ça 25 metr­lik bas­seý­niň ýer­leş­me­gi­dir.   
Top­lu­ma yzy­gi­der­li tür­gen­le­şik geç­mä­ge gel­ýän tür­gen­le­ri hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, sport ly­bas­la­ry, dür­li gör­nüş­li ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­ýar. Tür­gen­le­şik zal­la­ry­na di­ňe bir sport bäs­le­şik­le­ri­ne gat­naş­ýan tür­gen­le­ri­miz däl, eý­sem, is­len­dik ugur­da zäh­met çek­ýän hü­när­men­ler, ýaş­lar, şeý­le hem hor­mat­ly dynç al­şa çy­kan il­deş­le­ri­miz-de bar­ýar­lar. Tür­gen­le­riň has hem sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan Azi­ada-2017-niň bar­ha go­laý­la­ma­gy, top­lu­ma gel­ýän­le­riň sa­ny­ny iki es­se art­dyr­dy.   
Ýur­du­myz­yň sport top­lum­la­ry­na yzy­gi­der­li gat­nap, tür­gen­le­şik ge­çip, üs­tün­lik­le­riň ga­py­syn­dan gi­rip bil­män, yza gaý­dan adam seý­rek bol­sa ge­rek. Eger şeý­le bol­sa, ge­liň, sport mer­kez­le­ri­ne gat­nap, sag­ly­gy­my­zy ber­ki­de­liň, şäh­di­mi­zi aça­lyň! Şon­da her bi­ri­miz üs­tün­li­giň hem, şow­lu­ly­gyň hem aça­ry­nyň öz eli­miz­de­di­gi­ne do­ly göz ýe­ti­re­ris. Mu­nuň üçin bu sport top­lu­my bi­len ha­bar­la­şyp bi­ler­si­ňiz. Ola­ryň te­le­fon bel­gi­le­ri: 
36-85-71; 36-85-18. 
Nä­çe tür­gen­le­şik ge­çip, öz üs­tü­ňiz­de iş­le­di­gi­ňiz­çe, üs­tün­li­ge bar­ha we bar­ha go­laý­la­ýan­ly­gy­ňy­zy du­ýar­sy­ňyz. Müm­kin­çi­lik si­ziň ga­py­ňyz­da! Pur­sa­dy el­den ber­mäň!

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy