Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Sowgat

  • 16.02.2018

Bu wa­ka Gü­nor­ta­da­ky bir oba­nyň çar­kan­dak­ly ýo­lun­dan my­çyp bar­ýan kö­ne­je aw­to­bu­syň için­de bo­lup­dy.  Öň­dä­ki otur­gyç­da otu­ran go­ja­nyň ýü­zi-gö­zi kiş­miş ýa­ly mür­şe­ren bol­sa-da, elin­de aja­ýyp gül­ler­den bag­la­nan ter çe­men bar­dy. Onuň ga­bat de­ňin­de otu­ran ýaş gy­zyň göz­le­rem bu owa­dan gül­ler­den aý­ryl­ma­dy. 

 Aw­to­bus ahy­ry gar­ry­nyň düş­me­li du­ral­ga­sy­na gel­di. Ol laň­ňa gal­dy-da, elin­dä­ki gül­le­ri gy­zyň gu­ja­gyn­da goý­dy. «Bu gül­ler si­ze ýa­ra­dy öýd­ýän. Mu­ny si­ze sow­gat be­re­ni­me aýa­ly­mam ga­tyr­ga­nyp du­ra­sy ýok-la». 

 Aw­to­bus sil­ki­nip goz­gan­dy. Gyz gül­le­ri bag­ry­na ba­syp ys­gap ba­şy­ny gal­dy­ran­da, aw­to­bu­syň aý­na­syn­dan go­ja­nyň ki­çi­räk go­nam­çy­ly­gyň der­we­ze­sin­den gi­rip bar­ýa­ny­ny gö­rüp ýe­tiş­di. 


Terjime eden: Seýitmyrat Geldiýew

Maýyp güjük

  • 15.02.2018

Dü­ka­nyň eýe­si ga­pyň ýo­kar­syn­da «Sat­lyk gü­jük­ler» di­ýen ýaz­gy­ny as­dy. Şu­lar ýa­ly ýaz­gy­lar ça­ga­la­ry özü­ne çe­ke­gen bol­ýar, bir­ha­ýuk­dan dü­ka­nyň tö­we­re­gi og­lan­jyk­dan dol­dy. 

– Gü­jük­le­ri nä­çe­den sat­ýa­ňyz? – di­ýip, bir og­lan­jyk so­ra­dy.

– 30 dol­lar­dan 50-ä çen­li, saý­la­ber­me­li - diý­di sa­ty­jy.

Og­lan­jyk jüb­sü­ni dö­rüş­di­rip, şaý­lyk pul­la­ry gy­sy­my­na al­dy. 

– Ba­ry-ýo­gy 2 dol­lar 37 sent bar eke­ni. Ýetenok. Gü­jü­jek­le­ri gör­se­mem bol­ýar, müm­kin­mi?

Sa­ty­jy syr­tar­dy-da, sy­ky­lyk atyp goý­ber­di. Dü­ka­nyň iç­ki ga­py­syn­dan aňyr­da­ky it ke­te­gin­den Le­di at­ly it guý­ru­gy­ny bu­laý­lap çyk­dy, onuň yzy bi­len bol­sa bäş sa­ny ýu­ma­jyk ti­gir­le­nip gaýt­dy. Bir gü­jük öz do­gan­jyk­la­ryn­dan ep-es­li yza ga­lyp, ag­sak­lap gel­ýär­di. Og­lan­jyk şol gü­jü­giň ýa­ny­na ba­ryp, eli­ne al­dy-da:

– Bu­ja­ga­za nä­me bol­dy” - diý­di.

Dü­ka­nyň eýe­si bu gü­jü­ji­ge mal luk­ma­ny­nyň se­re­den­di­gi­ni, aýa­gy­nyň bog­nun­da şi­kes bar, he­mi­şe ag­sak­lap, süý­re­nip ýö­rär di­ýen­di­gi­ni dü­şün­dir­di. Kör­päň göz­le­ri lo­wur­dap git­di.

– Men şu gü­jü­gi sa­tyn ala­sym gel­ýär.

Dü­ka­nyň eýe­si bi­raz al­jy­ra­dy.

– Ge­re­giň şu gü­jük bol­sa, mugt alyp goý­ber.

Og­lan­jy­gyň keý­pi bo­zul­dy. Ol sa­ty­jy­nyň bä­be­ne­gi­ne sü­ýem bar­ma­gy­ny so­kaý­jak bo­lup ja­nyk­dy:

– Bu gü­jü­giň ba­ha­sy hem beý­le­ki gü­jük­le­riň­ki ýa­ly bol­ma­ly, men do­ly ba­ha­sy­ny tö­le­jek. Hä­zir 2 dol­lar 37 sen­ti ber­jek, soň ber­gi­mi üz­ýän­çäm her aý­da 50 sent­den ge­ti­re­rin.

Sa­ty­jy og­lan­jy­ga gar­şy çyk­dy:

– Aý, sen mu­ny sa­tyn alyp otur­ma. Seň bi­len yl­gap, bö­küp, yzy­ňa dü­şüp oý­nap bil­jek gü­ma­ny ýok. Bu bir ma­ýyp gü­jüg-ä.

Bu söz­le­ri­ne jo­gap hök­mün­de og­lan­jyk aşak egil­di-de, jal­bar­jy­gy­nyň çep gon­ju­ny ýo­ka­ryk çe­kip, de­mir sko­ba goý­lan gy­şyk in­ji­gi­ni gör­kez­di. Ol dü­ka­nyň eýe­si­ne köp­ma­ny­ly ba­kyp şeý­le diý­di:

– Aý, nä­me, bu gü­jük bi­len me­ni bag­la­ýan zat köp.


"Göwün üçin jüýje çorbasy" atly kitapdan. Terjime eden: Seýitmyrat Geldiýew

Söwdanyň ýoly

  • 04.02.2018

  Bir gün Halypanyň ýanyna ötegçi gelipdir. Ol stoluň başyna, Halypanyň göni garşysyna geçip oturypdyr we sesini çykarman, onuň kitap okaýşyna syn etmäge başlapdyr. Bir sagat çemesi wagtdan ol:


—  Halypam, men seniň bilen duşuşmak we diňe bir sorag bermek üçin, birnäçe aý ýol ýöredim: «Söwda-satygyň özeni nämede?» — diýipdir.


— Kelle – diýip Halypa jogap beripdir.


  — Halypam, näme üçin «kelle» diýdiň? Sen nämäni göz öňünde tutduň? – diýip myhman geň galypdyr.


 — Birinjiden, maňa «parasatly» diýme – diýip Halypa aýdypdyr – parasatly, ol menzildir. Ikinjiden, düşünmek üçin şägirtleriň akyly ýeterlikdir. Sen bolsa şägirt däl. Eger-de sen aýagyň bilen däl-de, kelläň bilen pikir eden bolsaň, onda birnäçe hepdeläp ýol söküp bu ýerlere gelmezden maňa hat ýazardyň. Myhman aglapdyr we çykyp gidipdir. Üç ýyldan Halypa dükandan daşary ýurtly awtoryň «Hemmesi söwda-satyk barada» atly eserini satyn alypdyr, okandan soň bolsa: «Jinnek ýaly hem üýtgemändir» diýip gülüpdir.


Terjime eden: Kakamyrat Geldiýew.

Iki tymsal

  • 27.01.2018

ÜÇ NAL BILEN BIR AT


Bir adam ýol bilen ýöräp barýarka nal tapypdyr. Ony garbap ýerden göteripdir-de:


-Bäh, ýene 3 sany nal tapsam, geljekde aljak atymyň ähli nallary jem boljak eken – diýip oýlanypdyr.


Soň bolsa, arzuw edeniňe görä, doly etmeli ahyry diýipdir-de: «Ýene-de 3 sany nal bilen at tapsam, pyýada ýöremekden dynaryn» diýip, göwnühoş bolup ýoluny dowam etdiripdir.



BÄŞ SEBÄP


“Ýaltalyk peýdalymy ýa zyýanly” diýip, bir akyldardan sorapdyrlar.


Ol bolsa:


-Bäş sebäbe görä zyýanly – diýip jogap beripdir.


-Şol bäş sebäbi sanap berip bilermisiňiz?


-Elbetde, sanap bilerin. Ýaltalyk zyýanly – diýip 5 sapar gaýtalaýmaly.


 Terjime eden Guwanç Saparmyradow,


“Mawy yşyk” başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Yhlasdan dörän goraghana

  • 26.01.2018

Bag ekmegiň sogaply işdigi hakynda aýdylanlary ýatlap çykmaly bolsa, olaryň ençeme jiltlik kitap boljakdygy hakynda oýlanyp gördüňizmi? Bu mesele hemişe ýörgünli bolmagynda galýar. Mundan birnäçe ýüz ýyl öňem, häzirem daşky gurşawy goramak, tebigatyň başky durkunda galmagyny üpjün etmek boýunça dünýä döwletlerinde yzygiderli alada edilýär. Şonuň netijesinde şäherlerde, etraplarda, obalarda “ýaşyl zolaklar”, ýagny baglyklar, gülzarlyklar döredilýär.


Hindistanyň Assam ştatynyň ýaşaýjysy Jadaw Paýeng hem bu sogaply işe goşandyny goşup, adyny dillere sen etdiren adam. Dogrusy, ol muny ilkibaşda ady-abraýy üçin etmändir. Onuň bu haýyrly işe ulaşmagyna tebigy hadysa sebäp bolupdyr. Güýçli çabgadan soň gelen silden soňra töwerek-daşda dişiňi synçgar ýaly ot-çöp bolmansoň, mal-garanyň sany azalmak bilen bolupdyr. Bu ýagdaýa biperwaý garap bilmedik 16 ýaşly Jadaw Paýeng goluny çyzgap işe girişipdir. Şol wagt senenamada 1979-njy ýyl dowam edýän eken.


Ýetginjek ýigit ilki bu işi özbaşdak başarmaryn öýdüp bilermenlere ýüz tutupdyr. Emma olardan tamasy çykmandyr. Degişli ugurda telim sapar çaý sowadan hünärmenler derýanyň kenarynda ot-çöp bitmejekdigini aýdypdyrlar. Onuň özüne bolsa boşuna azap siňdirmezligi maslahat beripdirler. Ýöne bu ýagdaý onuň elini işden sowatmandyr. Iň esasy bolsa, Jadawyň eken bambuklarynyň 20-si hem boý alyp, ýaşyl öwsüp başlapdyr.


Ýetginjek ýigidiň yhlasyndan dörän ilkinji daragtlar birnäçe aý mundan ozal ony raýyndan gaýtarmaga çalşan bilermenleri oýlandyrypdyr. Olar Jadaw Paýeng başlan sogaply işiniň bütin sebitiň ekologiýasy üçin bähbitlidigini döwlet ýolbaşçylaryna düşündiripdirler. Şeýlelikde, agzybirlik bilen başyna barlan bu işiň – bag ekmek çäresiniň netijesinde 6 inedördül kilometr meýdanda sözüň doly manysyndaky goraghana döräpdir.


Jadaw Paýeng tagallasy bilen dörän bu tokaýlykda dürli daragtlaryň we ösümlikleriň 1000-den gowrak görnüşi ösýär. Haýwanlaryň hem onlarça görnüşi ol ýerde mekan tutunypdyr. Ol hatda gaplaňlaryň, pilleriň we kerkleriň hem ýygy-ýygydan gabat gelýändigini hasaba alypdyrlar. Ekologiýa boýunça hünärmenler indi bu ýere gelip, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsini öwrenmek bilen meşgullanýarlar. Bu tokaýyň döremegine sebäp bolan Jadaw Paýeng bolsa durmuşyny başga ýerde göz öňüne getirip bilmeýär eken. Şonuň üçin ýaşy 60-a ser uran bu ynsan tokaýyň içinden kepbe gurnup, şol ýerde ýaşaýar. Ol goraghana öwrülen tokaýyň ähli ýaşaýjylaryny gözegçilikde saklaýar.


Taýýarlan Hojaberdi APBAÝEW, žurnalist.

Baky juwanlygyň syry

  • 26.01.2018

Adamzat taryhynda baky juwanlygyň syryny ele almak üçin, gör, näçe gezek synanyşyk edildi. Dürli yklymlarda we dürli ýurtlarda ençeme synaglar geçirildi. Emma olaryň hiç biri netije bermedi. Ahyrsoňunda ynsanyň saglygyny gorap saklamak, uzak ýaşamak, juwanlygyň «ömrüni uzaltmak» üçin ozaly bilen fiziki hereketiň, işjeňligiň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň has täsirli serişdedigine göz ýetirildi.


Şu ýerde tebigat tarapyndan hemişe juwan keşbini saklap ýören adamlaryň, hususanda zenanlaryň kändigini hem aýtmak gerek. Şeýle zenanlaryň biri Indoneziýanyň paýtagty Jakartada ýaşaýan işewür zenan Puspu Dewidir. Bu zenan 50 ýaşynda bolsa-da, ony 20 ýaşly gyzdan tapawutlandyrmak aňsat däl. Munuň syryny soranlarynda ol hemme zadyň sebäbiniň öz ýakynlarydygyny aýdýar. Puspu Dewiniň aýtmagyna görä, halaýan işi bilen meşgullanýandygy hem-de maşgalasynda hemmeleriň ony söýýändigi bu täsin ykbally zenanyň juwanlygyny saklamaga mümkinçilik berýän eken.


«Ýörite serişdeleri ulanýaňyzmy?» diýen sowala ol kosmetikanyňam, plastiki hirurgiýanyňam tebigy keşbiňi özgertmekde gaty bir täsirli däldigini aýdýar. Ol ilki bilen sagdyn iýmitlenmegi, soň yzygiderli sport bilen meşgullanmagy we hemişe keýpiçag ýaşamagy endige öwürmegi maslahat berýär.


Aziýa yklymynda ýaşaýan başga-da birnäçe zenanyň baky juwan keşbi bilen adamlary haýran galdyrýandygyny aýtmak gerek. Olaryň biri ýaponiýaly Masako Mizutanidir. Ondan başga-da, Koreýa Respubliaksynda ýaşaýan zenan Ýung Da Ýen, taýwanly uýalar Hsular, taýlandly «Älem melegi» Apsara Hongsakula dagylar hem bilogiki ýaşyna garanyňda, has juwan görünýändikleri bilen tapawutlanýarlar. Şeýle-de, singapurly fotograf Çuando Tana erkekleriň arasynda juwan keşbi bilen tapawutlanýar. Bu 50 ýaşly fotografa müşderileri 20-25 ýaşlaryndaky ýigitdir öýdýän ekenler.


Taýýarlan Aýjan HAÝYTBAÝEWA,


“Mawy yşyk” başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Bagtymyz öz elimizde

  • 24.01.2018


Bagtymyz öz elimizde


Ynsanyň aslynyň toprakdandygy hemmä mälim hakykat. Şu gün gürrüň berjek tymsalymyzda ynsanyň ýaradylyşy bilen bagly waka beýan edilýär. Ýaradan Alla adamy ýaradyp, ondan galan topragy görkezip, saňa ýene näme gerek diýipdir.


Ynsan özüne bagt gerekdigini, bagtly bolmak isleýändigini aýdypdyr. Şol pursat Alla oňa jogap bermän, galan topragy ynsanyň eline tutdurypdyr.


Bu tymsaldan görnüşi ýaly, bagt her bir adamyň öz elindedir. Biziň bagtly bolup-bolmajakdygymyz özümize baglydyr.


Taýýarlan Hojaberdi APBAÝEW.

Söwdanyň ýoly

  • 24.01.2018


    Bir gün Halypanyň ýanyna ötegçi gelipdir. Ol stoluň başyna, Halypanyň göni garşysyna geçip oturypdyr we sesini çykarman, onuň kitap okaýşyna syn etmäge başlapdyr. Bir sagat çemesi wagtdan ol:


— Meniň Halypam, men seniň bilen duşuşmak we diňe bir sorag bermek üçin, birnäçe aý ýol ýöredim: «Söwda-satygyň özeni nämede?» — diýipdir.


— Kelle – diýip Halypa jogap beripdir.


  — Halypam, näme üçin «kelle» diýdiň? Sen nämäni göz öňüne tutduň? – diýip myhman geň galypdyr.


 — Birinjiden, maňa «parasatly» diýme – diýip Halypa aýdypdyr – parasatly, ol menzildir. Ikinjiden, düşünmek üçin şägirtleriň akyly ýeterlikdir. Sen bolsa şägirt däl. Eger-de sen aýagyň bilen däl-de, kelläň bilen pikir eden bolsaň, onda birnäçe hepdeläp ýol söküp bu ýerlere gelmezden maňa hat ýazardyň. Myhman aglapdyr we çykyp gidipdir. Üç ýyldan Halypa dükandan daşary ýurt awtoryň «Hemmesi söwda-satyk barada» atly eserini satyn alypdyr, okandan soň bolsa: «Jinnek ýaly hem üýtgemändir» diýip gülüpdir.


Terjime eden Kakamyrat Geldiýew, «Biznes reklama».

Dostlar

  • 23.01.2018

Bir adam dostunyň öýüne barypdyr. Gapyny kakypdyr. Esli garaşypdyr. Soňam dostuna gahary gelip, onuň gapysyna «Garasöýmez» diýip ýazypdyr.


Ertesi olar bazarda duşupdyrlar. Düýnki gün dostuny öýünden tapmadyk adam ilki bolup dillenipdir:


-Düýn öýüňe bardym. Seni tapmadym?


Olam:


-Öýde ýok wagtym geleniň sendigiňi badabat bildim.


-Nädip bildiň?


-Gapynyň ýüzüne adyňy ýazyp gaýdypsyň.


Terjime eden Guwanç Saparmyradow,


“Mawy yşyk” başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Millioneriň haýyr-sahawaty

  • 22.01.2018


Dünýä belli ykdysady neşirler millionerleriň sanawyny yzygiderli çap edip durýarlar. Olarda dünýäniň ähli künjüne wekilçilik edýän adamlaryň atlaryna duşmak bolýar. Hytaýly Sýun Şuihuanyň ady bolsa diňe bir ykdysady neşirlerde däl, eýsem dünýäniň habar beriş serişdeleriniň ençemesinde agzalyp geçildi. Eýsem, munuň nähili sebäbi barka?


Onuň özüniň millionlaryny gurluşyk pudagynda gazanandygy üçinmikä? Dünýäde müňlerçe adam şol pudakda özüniň millionlaryny gazandy.  


Ýa polat guýýan zawodyň eýesi bolanlygy üçinmikä? Ady agzalan zawodlar hem dünýäde sanardan kän.


Öz watandaşlarynyň haýyr-sahawat maksatly taslamasyny  ilkinjileriň hatarynda dünýä “buşlan” hytaýly žurnalistler Sýun Şuihuanyň meşhurlygynyň “syryny” äşgär etdiler.


Ýaşy 60-a ser uran millioner Sýun Şuihua işewürlik dünýäsinde belli bir sepgide ýeteninden soňra özüne bi işde ýakyndan kömek eden obadaşlarynyň 18-sine ähli amatlyklary bolan kaşaň jaýlary sowgat edipdir. Ýöne ol munuň bilen çäklenmändir. Özüniň kemala gelen obasynyň hemme ilatynyň täze jaýda ýaşamagyny üpjün etmegi ýüregine düwüpdir. Şeýlelikde, ýene-de 72 maşagala üçin täze jaýlary gurup beripdir.


Taýýarlan Hojaberdi APBAÝEW.


Moýly küýze   (Belarus tymsaly)

  • 20.01.2018

                                           Moýly küýze   (Belarus tymsaly)


Ýaşy birçene ýeten bir aýalyň iki sany küýzesi bar eken. Aýal küýzeleriň ikisini-de öz egninde göterip suw daşaýan gerdenliginde ykjam ýerleşdiripdir. Küýzeleriň biri moý atyp, özüne guýlan suwy dolulygyna saklap bilmändir, belekisi abat bolup, onuň içine guýlan suw şol durşuna durupdyr. Şeýdip, suwa gidilýän uzak ýolda aýal ençe wagtlap bir küýzesi ýarty, bir küýzesi doly halda öýüne suw daşap gezipdir.


Abat küýzäniň elmydama özünden göwni hoş eken. Öz moý atanlygy sebäpli etmeli işini ýarpy ýerine ýetirmeli bolýan  beýleki küýze welin, utanjyndan ýaňa ýere giräýjek bolupdyr. Abat küýze her günki öwünjeňligi bilen, ahyry bir gün moýly  küýzäni öz hiç derde ýaramaýandygyna ynandyrýar. Moý açan küýze öýke bilen eýesine ýüzlenipdir: ”Men özümiň moý atanlygymdan, ýolboýy suw döküp gelýänligimden şeýle bir utanýan...”


Küýzäniň bu sözlerini eşiden  aýal çalaja ýylgyryp, şeýle diýipdir: ”Sen eýsem, ýoldaky öz suw sepeläp gidýän tarapyňa hiç wagt üns bermänmidiň? Ýoluň beýleki tarapy asla oňa meňzeş däldir. Sebäbi, men seniň suw döküp gidýänligiň üçin, ýoluň sen tarapyna gülleriň tohumyny ekdim. Sen bolsa, suw dökmek bilen, olary her gün suwardyň. Iki ýyl bäri biziň öýümiziň içini bezeýän güller hem, şol meniň ekip, seniň suwaran gülleriňdir”.


Terjime eden Merdan Baýadow.


Asmana bakmak

  • 17.01.2018


Ussat äpişgeden bazar meýdançasyna bakyp duran mahaly öz şägirtleriniň birine gözi düşüdir. Ol nirädir bir ýere gyssanýan eken. Ussat şägirdini öýüne çagyrypdyr.


-Sen aýtsana oglum, şu gün asmana bakdyňmy – diýip, ýüzlenipdir. Ol bolsa: “Ýok, Ussat” diýip jogap beripdir.


-Hany sen gürrüň ber, näme gördüň? –Aý...adamlary...atlary, arabalary...gördüm. Täjirler ellerini galgadyp harytlaryny satýardylar. Alyjylar alabasgy bolup söwda edýärdiler. Erkeklerem, zenanlaram ikibaka ylgaşýardylar...Ine, meniň gözümde galan pursatlar şular.


-Oglum, oglum – diýip, Ussat başyny ýaýkapdyr. –Ýene elli ýyldanam, ýüz ýyldanam şu ýagdaý gaýtalanar. Bu bazaryň ornuna başga bazar bolar. Başga bir paýtunçylar başga adamlary äkiderler. Täjirlerdir alyjylaram üýtgär. O wagt senem, menem bu jahanda bolmarys. Eger seniň birje gezek asmana bakmaga wagtyň bolmasa, ikibaka ylgap hars urup ýaşamakdan näme netije bar.


Terjime eden Hojaberdi APBAÝEW.

Ykbalyň öz eliňde

  • 15.01.2018

Nobunaga atly beýik ýapon serkerdesi özlerinden onlarca esse köp goşuny bolan duşmana hüjüm etmek kararyna gelipdir. Onuň özi ýeňjekdiklerine ynanýanam bolsa, esgerler ikirjiňlenipdirler.


Duşmanyň üstüne ýöriş edilýän mahaly serkerde ybadathananyň deňinde saklanmagy buýurýar. Soň ol esgerlerine ýüzlenip, ybadathana girip dileg etjekdigini, şondan soňra şaýylyk arkaly ykbaly synap görjekdigini aýdýar.


 -Eger asmana zyňylan şaýylyk düz tarapyna düşse, onda ýeňiş biziň tarapymyzda bolar. Ol arka tarapyna düşse welin, duşman bizden rüstem çykar.


Nobunaga aýdyşy ýaly ybadathanadan çykyp, elindäki şaýylygy asmana zyňyp gapýar. Onuň aýasyna düşen şaýylygyň düz tarapyna ýatandygyny gören esgerler ynam bilen öňe okdurylýarlar. Netijede, olar ýüzleriniň ugruna duşmandan üstün çykýarlar.


Söweş tamamlanandan soňra edermen serkerdäniň hyzmatkäri:


-Hiç kim ykbaly üýtgedip bilmez, bu şeýlemi? – diýip, sowal bilen ýüzlenýär.


-Elbetde, üýtgedip bilmez – diýip, Nobunaga oňa iki tarapy hem meňzeş şaýlygy görkezýär. 


Tymsaly “www.blagopoluchnik.ru” saýtynyň materialy esasynda terjime eden Hojaberdi APBAÝEW.

SURATKEŞ

  • 12.01.2018

Buýra saçy seçelenip duran oglanjyk eline kömür bölejigini alypdyr-da, tamyň ap-ak daşky diwaryna horazyň suratyny çekipdir. Ony gören ejesi:


– Ah, sen bezzat, edýäniň näme?!.. – diýip käýäpdir. Oglanjyk bolmasy bir iş edenligine düşünip, öýe ýumlugypdyr. Agşam kakasy oňa dürli hili reňkleri äkelipdir, şeýdip surat owadan horaza öwrülipdir.


 Oglundan göwni biten kakasy:


– Kömrüň garasyny-ha süpürip aýryp boljak däl, bolanyna görä, surat owadan bir bolsun-da – diýipdir.


Oglanjygyň surat çekişi gowy eken. Ol suratkeş bolmagyň arzuwynda bolupdyr. Emma kakasy eli ýukalygy sebäpli, ogluny ädikçi ussa şägirtlige beripdir.


Bir aý geçenden soň ädikçi oglany ata-enesiniň ýanyna alyp barypdyr-da, olara ýalpyldap duran aýnagonç ädigi görkezipdir. Ädigiň gonjuna gönden edilen owadan gyzyl guşuň şekili ýelmenen eken.


– Bir serediň-ä garagol çagaňyzyň bitiren işine – diýip, ädikçi gaharly gürläpdir.


– Waý, munuň naşyjadygyny – diýip, ata-ene içlerini çekip, geň galypdyrlar.


– Bu bir serkerdäniň baýramçylyklara geýmeli ädigidi ahbetin, ol şu naşyja guşuň suraty bilen bu ädigi nädip dabaralara geýsin?! – diýip, ädikçi dergazap halda yzyna gaýdypdyr.


Soňra kakasy ogluny tikinçä beripdir. Ýene öňki ýagdaý gaýtalanypdyr. Oglan mugallym üçin taýýarlanan kaşaň çal penjege owadan tawusyň keşbini çatypdyr.


Islenmeýän çeper keşpleri üçin oglanjyk agaç ussasynyň hem, külalyň hem ýanyndan kowlupdyr.


Günlerde bir gün oglanjygyň öýleriniň gabadynda kaşaň bir araba – paýtun togtapdyr. Paýtunyň penjiresinden barly kişidigi bildirip duran bir adam kellesini çykaryp:


– Bu owadan horazyň suratyny kim çekdi? – diýip sorapdyr.


Derrew oglany çagyrypdyrlar. Ýaňky myhman onuň elini gysypdyr-da, şeýle diýipdir:


– Berekella, sen uly zehine eýe. Men suratkeş, şägirdim bolasyň gelýärmi?


– Aladaňyz üçin sag boluň. Ony şägirt edinmekçi bolanlaryň bary – ädikçem, tikinçem, agaç ussasam, tamasy çykmansoň, muny uzak saklamadylar. Bu size-de maza bermese gerek. Biz-ä indi bu hiç zada ukypsyz diýen netijä geliberdik – diýip, ejesi oglundan öň dillenipdir.


– Ody kagyza dolap bolanok-da – diýip, gurply myhman ýylgyrypdyr-da, ony özüne şägirt edinip, ýany bilen alyp gidipdir.

Manyly jümleler

  • 11.01.2018

 


Dünýä her kimiň öz harydyny satýan bazarydyr.  (Fizuly)

Doga-dileg hem zähmet.

  • 04.01.2018


Balykçy gaýygynda bir adamy goňşy kenara alyp barýarmyşyn. Ýolagçy ony gyssapdyr.


—Tizräk bolsana, men işe gijä galýan!


Birdenkä howlukmaç ýolagçy kürekleriň birinde «doga-dileg et», beýlekisinde «zähmet çek» diýen ýazgynyň bardygyny görüpdir.


— Bu nämä derkar? — diýip, ol sorapdyr.


— Unutmazlyk üçin, hemişe doga-dilegde bolmalydygyny we zähmet çekmelidigini ýatladyp durmagy üçin – diýip, balykçy jogap beripdir.


— Elbetde, zähmet çekmegiň  gerekdigi hemme kişä düşnükli. Doga-dileg üçin bolsa wagt ýitirmek zerur däl, onuň hiç kime geregi ýok — diýip, ýolagçy elini salgap goýberipdir.


— Geregi ýok-da onda? — diýip, balykçy ýaňadan sorapdyr-da, «doga-dileg et» diýen ýazgyly küregi suwdan sogrup alyp, ýeke küregi bilen küreklemäge durupdyr. Gaýyk bir duran ýerinde pyrlanmaga başlapdyr.


— Ine, gördüňmi, doga-dilegsiz zähmetden ne peýda?! Şol bir ýerde aýlanyp durus, öňe tarap hiç hili hereket ýok...

Söwdanyň ýoly

  • 02.01.2018


Bir gün halypasy şägirtleri bilen duşuşykdan soň: 


-Indi soraň – diýipdir. Şägirtleri dymypdyrlar. 


Diňe bir şägirdi: 


-Halypam, aýt, nädip geleşige gelmeli – diýip sorady. Halypasy egnini gysdy, soňra stolunyň ýanyna geldi-de, ol ýerden şägirtlerinden okuw üçin alýan pul mukdaryna laýyk puly aldy-da, sorag beren şägirde berip, ony kowup goýberdi. 


Bu waka halypanyň beýik akmaklyk bilen oňşanyňdan, oňa zerurlyk bar hem bolsa, puly ret edenini ýeňil görendigini görkezýär. Şägirtler Halypanyň “Beýik Akmaklyk” diýip, kitapdan alnan, ýöne iş tejribeleri bilen kämilleşdirilmedik düşünjeleri we düzgünleri atlandyrýandygyny bilýärdiler. 


Tadao Ýamaguçiniň “Söwdanyň ýoly” atly kitabyndan


(Terjime eden Kakamyrat Geldiýew)

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.