Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Doga-dileg hem zähmet.

Balykçy gaýygynda bir adamy goňşy kenara alyp barýarmyşyn. Ýolagçy ony gyssapdyr.

— Tizräk bolsana, men işe gijä galýan!

Birdenkä howlukmaç ýolagçy kürekleriň birinde «doga-dileg et», beýlekisinde «zähmet çek» diýen ýazgynyň bardygyny görüpdir.

— Bu nämä derkar? — diýip, ol sorapdyr.

— Unutmazlyk üçin, hemişe doga-dilegde bolmalydygyny we zähmet çekmelidigini ýatladyp durmagy üçin – diýip, balykçy jogap beripdir.

— Elbetde, zähmet çekmegiň  gerekdigi hemme kişä düşnükli. Doga-dileg üçin bolsa wagt ýitirmek zerur däl, onuň hiç kime geregi ýok — diýip, ýolagçy elini salgap goýberipdir.

— Geregi ýok-da onda? — diýip, balykçy ýaňadan sorapdyr-da, «doga-dileg et» diýen ýazgyly küregi suwdan sogrup alyp, ýeke küregi bilen küreklemäge durupdyr. Gaýyk bir duran ýerinde pyrlanmaga başlapdyr.

— Ine, gördüňmi, doga-dilegsiz zähmetden ne peýda?! Şol bir ýerde aýlanyp durus, öňe tarap hiç hili hereket ýok...

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.