Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

SURATKEŞ

Buýra saçy seçelenip duran oglanjyk eline kömür bölejigini alypdyr-da, tamyň ap-ak daşky diwaryna horazyň suratyny çekipdir. Ony gören ejesi:

– Ah, sen bezzat, edýäniň näme?!.. – diýip käýäpdir. Oglanjyk bolmasy bir iş edenligine düşünip, öýe ýumlugypdyr. Agşam kakasy oňa dürli hili reňkleri äkelipdir, şeýdip surat owadan horaza öwrülipdir.

 Oglundan göwni biten kakasy:

– Kömrüň garasyny-ha süpürip aýryp boljak däl, bolanyna görä, surat owadan bir bolsun-da – diýipdir.

Oglanjygyň surat çekişi gowy eken. Ol suratkeş bolmagyň arzuwynda bolupdyr. Emma kakasy eli ýukalygy sebäpli, ogluny ädikçi ussa şägirtlige beripdir.

Bir aý geçenden soň ädikçi oglany ata-enesiniň ýanyna alyp barypdyr-da, olara ýalpyldap duran aýnagonç ädigi görkezipdir. Ädigiň gonjuna gönden edilen owadan gyzyl guşuň şekili ýelmenen eken.

– Bir serediň-ä garagol çagaňyzyň bitiren işine – diýip, ädikçi gaharly gürläpdir.

– Waý, munuň naşyjadygyny – diýip, ata-ene içlerini çekip, geň galypdyrlar.

– Bu bir serkerdäniň baýramçylyklara geýmeli ädigidi ahbetin, ol şu naşyja guşuň suraty bilen bu ädigi nädip dabaralara geýsin?! – diýip, ädikçi dergazap halda yzyna gaýdypdyr.

Soňra kakasy ogluny tikinçä beripdir. Ýene öňki ýagdaý gaýtalanypdyr. Oglan mugallym üçin taýýarlanan kaşaň çal penjege owadan tawusyň keşbini çatypdyr.

Islenmeýän çeper keşpleri üçin oglanjyk agaç ussasynyň hem, külalyň hem ýanyndan kowlupdyr.

Günlerde bir gün oglanjygyň öýleriniň gabadynda kaşaň bir araba – paýtun togtapdyr. Paýtunyň penjiresinden barly kişidigi bildirip duran bir adam kellesini çykaryp:

– Bu owadan horazyň suratyny kim çekdi? – diýip sorapdyr.

Derrew oglany çagyrypdyrlar. Ýaňky myhman onuň elini gysypdyr-da, şeýle diýipdir:

– Berekella, sen uly zehine eýe. Men suratkeş, şägirdim bolasyň gelýärmi?

– Aladaňyz üçin sag boluň. Ony şägirt edinmekçi bolanlaryň bary – ädikçem, tikinçem, agaç ussasam, tamasy çykmansoň, muny uzak saklamadylar. Bu size-de maza bermese gerek. Biz-ä indi bu hiç zada ukypsyz diýen netijä geliberdik – diýip, ejesi oglundan öň dillenipdir.

– Ody kagyza dolap bolanok-da – diýip, gurply myhman ýylgyrypdyr-da, ony özüne şägirt edinip, ýany bilen alyp gidipdir.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.