Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Ykbalyň öz eliňde

Nobunaga atly beýik ýapon serkerdesi özlerinden onlarca esse köp goşuny bolan duşmana hüjüm etmek kararyna gelipdir. Onuň özi ýeňjekdiklerine ynanýanam bolsa, esgerler ikirjiňlenipdirler.

Duşmanyň üstüne ýöriş edilýän mahaly serkerde ybadathananyň deňinde saklanmagy buýurýar. Soň ol esgerlerine ýüzlenip, ybadathana girip dileg etjekdigini, şondan soňra şaýylyk arkaly ykbaly synap görjekdigini aýdýar.

 -Eger asmana zyňylan şaýylyk düz tarapyna düşse, onda ýeňiş biziň tarapymyzda bolar. Ol arka tarapyna düşse welin, duşman bizden rüstem çykar.

Nobunaga aýdyşy ýaly ybadathanadan çykyp, elindäki şaýylygy asmana zyňyp gapýar. Onuň aýasyna düşen şaýylygyň düz tarapyna ýatandygyny gören esgerler ynam bilen öňe okdurylýarlar. Netijede, olar ýüzleriniň ugruna duşmandan üstün çykýarlar.

Söweş tamamlanandan soňra edermen serkerdäniň hyzmatkäri:

-Hiç kim ykbaly üýtgedip bilmez, bu şeýlemi? – diýip, sowal bilen ýüzlenýär.

-Elbetde, üýtgedip bilmez – diýip, Nobunaga oňa iki tarapy hem meňzeş şaýlygy görkezýär. 

Tymsaly “www.blagopoluchnik.ru” saýtynyň materialy esasynda terjime eden Hojaberdi APBAÝEW.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.