Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Moýly küýze   (Belarus tymsaly)

Moýly küýze   (Belarus tymsaly)

Ýaşy birçene ýeten bir aýalyň iki sany küýzesi bar eken. Aýal küýzeleriň ikisini-de öz egninde göterip suw daşaýan gerdenliginde ykjam ýerleşdiripdir. Küýzeleriň biri moý atyp, özüne guýlan suwy dolulygyna saklap bilmändir, belekisi abat bolup, onuň içine guýlan suw şol durşuna durupdyr. Şeýdip, suwa gidilýän uzak ýolda aýal ençe wagtlap bir küýzesi ýarty, bir küýzesi doly halda öýüne suw daşap gezipdir.

Abat küýzäniň elmydama özünden göwni hoş eken. Öz moý atanlygy sebäpli etmeli işini ýarpy ýerine ýetirmeli bolýan  beýleki küýze welin, utanjyndan ýaňa ýere giräýjek bolupdyr. Abat küýze her günki öwünjeňligi bilen, ahyry bir gün moýly  küýzäni öz hiç derde ýaramaýandygyna ynandyrýar. Moý açan küýze öýke bilen eýesine ýüzlenipdir: ”Men özümiň moý atanlygymdan, ýolboýy suw döküp gelýänligimden şeýle bir utanýan...”

Küýzäniň bu sözlerini eşiden  aýal çalaja ýylgyryp, şeýle diýipdir: ”Sen eýsem, ýoldaky öz suw sepeläp gidýän tarapyňa hiç wagt üns bermänmidiň? Ýoluň beýleki tarapy asla oňa meňzeş däldir. Sebäbi, men seniň suw döküp gidýänligiň üçin, ýoluň sen tarapyna gülleriň tohumyny ekdim. Sen bolsa, suw dökmek bilen, olary her gün suwardyň. Iki ýyl bäri biziň öýümiziň içini bezeýän güller hem, şol meniň ekip, seniň suwaran gülleriňdir”.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.