Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Millioneriň haýyr-sahawaty

Dünýä belli ykdysady neşirler millionerleriň sanawyny yzygiderli çap edip durýarlar. Olarda dünýäniň ähli künjüne wekilçilik edýän adamlaryň atlaryna duşmak bolýar. Hytaýly Sýun Şuihuanyň ady bolsa diňe bir ykdysady neşirlerde däl, eýsem dünýäniň habar beriş serişdeleriniň ençemesinde agzalyp geçildi. Eýsem, munuň nähili sebäbi barka?

Onuň özüniň millionlaryny gurluşyk pudagynda gazanandygy üçinmikä? Dünýäde müňlerçe adam şol pudakda özüniň millionlaryny gazandy.  

Ýa polat guýýan zawodyň eýesi bolanlygy üçinmikä? Ady agzalan zawodlar hem dünýäde sanardan kän.

Öz watandaşlarynyň haýyr-sahawat maksatly taslamasyny  ilkinjileriň hatarynda dünýä “buşlan” hytaýly žurnalistler Sýun Şuihuanyň meşhurlygynyň “syryny” äşgär etdiler.

Ýaşy 60-a ser uran millioner Sýun Şuihua işewürlik dünýäsinde belli bir sepgide ýeteninden soňra özüne bi işde ýakyndan kömek eden obadaşlarynyň 18-sine ähli amatlyklary bolan kaşaň jaýlary sowgat edipdir. Ýöne ol munuň bilen çäklenmändir. Özüniň kemala gelen obasynyň hemme ilatynyň täze jaýda ýaşamagyny üpjün etmegi ýüregine düwüpdir. Şeýlelikde, ýene-de 72 maşagala üçin täze jaýlary gurup beripdir.

Taýýarlan Hojaberdi APBAÝEW.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.