Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Baky juwanlygyň syry

Adamzat taryhynda baky juwanlygyň syryny ele almak üçin, gör, näçe gezek synanyşyk edildi. Dürli yklymlarda we dürli ýurtlarda ençeme synaglar geçirildi. Emma olaryň hiç biri netije bermedi. Ahyrsoňunda ynsanyň saglygyny gorap saklamak, uzak ýaşamak, juwanlygyň «ömrüni uzaltmak» üçin ozaly bilen fiziki hereketiň, işjeňligiň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň has täsirli serişdedigine göz ýetirildi.

Şu ýerde tebigat tarapyndan hemişe juwan keşbini saklap ýören adamlaryň, hususanda zenanlaryň kändigini hem aýtmak gerek. Şeýle zenanlaryň biri Indoneziýanyň paýtagty Jakartada ýaşaýan işewür zenan Puspu Dewidir. Bu zenan 50 ýaşynda bolsa-da, ony 20 ýaşly gyzdan tapawutlandyrmak aňsat däl. Munuň syryny soranlarynda ol hemme zadyň sebäbiniň öz ýakynlarydygyny aýdýar. Puspu Dewiniň aýtmagyna görä, halaýan işi bilen meşgullanýandygy hem-de maşgalasynda hemmeleriň ony söýýändigi bu täsin ykbally zenanyň juwanlygyny saklamaga mümkinçilik berýän eken.

«Ýörite serişdeleri ulanýaňyzmy?» diýen sowala ol kosmetikanyňam, plastiki hirurgiýanyňam tebigy keşbiňi özgertmekde gaty bir täsirli däldigini aýdýar. Ol ilki bilen sagdyn iýmitlenmegi, soň yzygiderli sport bilen meşgullanmagy we hemişe keýpiçag ýaşamagy endige öwürmegi maslahat berýär.

Aziýa yklymynda ýaşaýan başga-da birnäçe zenanyň baky juwan keşbi bilen adamlary haýran galdyrýandygyny aýtmak gerek. Olaryň biri ýaponiýaly Masako Mizutanidir. Ondan başga-da, Koreýa Respubliaksynda ýaşaýan zenan Ýung Da Ýen, taýwanly uýalar Hsular, taýlandly «Älem melegi» Apsara Hongsakula dagylar hem bilogiki ýaşyna garanyňda, has juwan görünýändikleri bilen tapawutlanýarlar. Şeýle-de, singapurly fotograf Çuando Tana erkekleriň arasynda juwan keşbi bilen tapawutlanýar. Bu 50 ýaşly fotografa müşderileri 20-25 ýaşlaryndaky ýigitdir öýdýän ekenler.

Taýýarlan Aýjan HAÝYTBAÝEWA,

“Mawy yşyk” başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.