Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Söwdanyň ýoly

Bir gün Halypanyň ýanyna ötegçi gelipdir. Ol stoluň başyna, Halypanyň göni garşysyna geçip oturypdyr we sesini çykarman, onuň kitap okaýşyna syn etmäge başlapdyr. Bir sagat çemesi wagtdan ol:

—  Halypam, men seniň bilen duşuşmak we diňe bir sorag bermek üçin, birnäçe aý ýol ýöredim: «Söwda-satygyň özeni nämede?» — diýipdir.

— Kelle – diýip Halypa jogap beripdir.

  — Halypam, näme üçin «kelle» diýdiň? Sen nämäni göz öňünde tutduň? – diýip myhman geň galypdyr.

 — Birinjiden, maňa «parasatly» diýme – diýip Halypa aýdypdyr – parasatly, ol menzildir. Ikinjiden, düşünmek üçin şägirtleriň akyly ýeterlikdir. Sen bolsa şägirt däl. Eger-de sen aýagyň bilen däl-de, kelläň bilen pikir eden bolsaň, onda birnäçe hepdeläp ýol söküp bu ýerlere gelmezden maňa hat ýazardyň. Myhman aglapdyr we çykyp gidipdir. Üç ýyldan Halypa dükandan daşary ýurtly awtoryň «Hemmesi söwda-satyk barada» atly eserini satyn alypdyr, okandan soň bolsa: «Jinnek ýaly hem üýtgemändir» diýip gülüpdir.

Terjime eden: Kakamyrat Geldiýew.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.