«Apple» konferensiýa geçirer

Geçen hepde «Apple» kompaniýasy elektron enjamlaryny öndürijileriň konferensiýasy («WWDC») 2021-nji ýylyň 7-nji iýunynda onlaýn görnüşinde geçiriler diýip yglan etdi. 11-nji iýuna çenli dowam etjek bu konferensiýa öndürijiler üçin tölegsiz bolar. Ýeri gelende aýtsak, «WWDC» — «Apple» korporasiýasynyň «iPhone», «iPad», «Apple Watch», «Apple TV» we beýleki enjamlary üçin täze programma üpjünçiligini görkezýän çäre

«Discovery»-niň paýnamalary 33% ýokarlandy

«Smead Capital Management» kompaniýasynyň bilermenleriniň oňaýly teklipnamasyndan soň, «Discovery» media-korprasiýasynyň paýnamalary 33% ösüş gazandy. 2021-nji ýylyň başyndan bäri «Discovery»-niň girdejisi 37,02% ösdi we 12 aýlyk jemini 106%-e çenli ýokarlandyrmagy başardy. Geçen birža söwdalarynda «Discovery»-nyň bir paýnamasynyň bahasy ABŞ-nyň 51,68 dollaryna barabar boldy

«Discovery»-niň paýnamalary 33% ýokarlandy

«Smead Capital Management» kompaniýasynyň bilermenleriniň oňaýly teklipnamasyndan soň, «Discovery» media-korprasiýasynyň paýnamalary 33% ösüş gazandy. 2021-nji ýylyň başyndan bäri «Discovery»-niň girdejisi 37,02% ösdi we 12 aýlyk jemini 106%-e çenli ýokarlandyrmagy başardy. Geçen birža söwdalarynda «Discovery»-nyň bir paýnamasynyň bahasy ABŞ-nyň 51,68 dollaryna barabar boldy

«MP Materials» 100% ösüş gazandy

Aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrýan «Broadridge Financial Solutions» kompaniýasy maýa goýum serişdelerini dolandyrmak senagaty üçin, aragatnaşyk tehnologiýalaryny öndürýän «Itiviti Holding AB» kompaniýasyny satyn alýandygy barada habar berdi. Umumy bahasy 2,14 million ýewro barabar bolan aragatnaşyk tehnologiýa kompaniýasy «Broadridge»-iň biznesiniň çägini giňeltmäge hem-de girdejisini artdyrmaga uly mümkinçilik bolar. Bu habar resmi babatda yglan edilenden soň, «Broadridge»-iň paýnamalary ýokarlandy, has dogrusy, geçen birža söwdalarynda ABŞ-nyň 157,31 dollaryndan satyldy

«Western Digital»-yň paýnamalary 4,8% gymmatlady

Mikroshemalary öndüriji «Western Digital» kompaniýasy «Micron Technology» kompaniýasy bilen bilelikde Ýaponiýanyň ýarymgeçirijileri öndürýän «Kioxia» kompaniýasyny, takmynan, ABŞ-nyň 30 milliard dollaryna satyn almakçydygy hakynda habar berdi. Maglumat peýda bolandan soň «Western Digital»-yň paýnamalary 4,8% ýokarlandy. Öň «Toshiba Memory» ady bilen belli bolan «Kioxia» kompaniýasy ululygy boýunça dünýäniň eş-ýat mikroshemalary öndürýän firmalarynyň ikinjisidir

«Lilium» gazna biržasyna çykýar

Germaniýanyň «Lilium» aero-taksi startap-kompaniýasy «Qell Acquisition» ýöriteleşdirilen «SPAC» kompaniýasy bilen birikmek maksatly şertnama baglaşandygyny habar berdi. Birigen kompaniýanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 3,3 milliard dollaryna barabardyr. 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde şertnama baglaşmak işleri tamamlanandan soň, kompaniýanyň paýnamalary «NASDAQ» gazna biržasynda «LILM» belgide satylyp başlanar. «Lilium» dikligine uçup-gonýan, 3 kilometr ýokardan, sagatda 281 kilometr tizlikde we 250 kilometr aralyga uçýan ýedi orunlyk taksomotor işläp düzýä

«Ford»-yň söwdalary ösüşde

2021-nji ýylyň mart aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdireniňde, ABŞ-nyň awtoulag bazarynda «Ford Motor» kompaniýasynyň söwdalary 1% artdy we satylan awtoulaglaryň sany 521 334-e ýetdi. Kompaniýanyň bölek satuwy 23,1% ýokarlandy. Ýöne esasy ösüşi kompaniýa elektromobilleriň we «Ford» gibrid awtoulaglarynyň söwdasyndan gazandy. Bu ugurda ösüş 74%-e barabar boldy. Geçen birža söwdalarynda «Ford Motor»-yň paýnamalary ösüşde boldy

«BP» «BMW»-niň we «Daimler»-iň hyzmatdaşy bolar

Beýik Britaniýanyň «BP» nebit kompaniýasy elektromobiller üçin kuwwatlandyryjy stansiýalaryny ýaýbaňlandyrmakda Germaniýanyň «BMW AG» we «Daimler AG» awtoulag öndüriji kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin «BR» «BMW» we «Daimler» bilelikdäki kärhanasynyň awtoulaglary kuwwatlandyrmakda sanly ulgam çözgütlerini işläp düzýän «Digital Charging Solutions GmbH» kompaniýasynyň 33% paýyny satyn almagy göz öňünde tutýar. Londonyň gazna biržasynda geçen söwdalarda «BP»-niň paýnamalary 0,3%, «BMW»-niň paýnamalary 3,7%, «Daimler»-iň paýnamalary bolsa 3% ýokarlandy

«Match Group» 17% gymmatlady

2020-nji ýylyň 12 aýynda internet hyzmatlary toplumynyň eýesi «Match Group» kompaniýasynyň söwdalary 17% ýokarlandy. Şeýlelikde, kompaniýanyň söwda dolanyşygy ABŞ-nyň 2,4 milliard dollaryna deň boldy. Sap girdejisi bolsa ABŞ-nyň 750 million dollaryna ýetdi. Ýeri gelende bellesek, girdejiniň esasy bölegi kompaniýanyň «Tinder» tanyşlyk üçin internet hyzmatyna degişlidir

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Türkiýeden gelen täjirler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna bahasy ABŞ-nyň 11 million 485 müň dollaryndan gowrak bolan dürli görnüşli tüýjümek önümler Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň wekillerine ýerlenildi. BAE-den gelen işewür toparlaryň wekilleri bahasy 665 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 75 million 82 müň manatdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

«Xiaomi» 10 milliard maýa goýum sarp eder

Ýakynda «Xiaomi» korporasiýasy elektromobilleriň önümçiligine başlamakçydygyny habar beripdi. Täze maglumata laýyklykda, elektron enjamlary öndürýän kompaniýa öňümizdäki on ýylyň dowamynda bu pudakda ýerine ýetirilmeli operasiýalary ýaýbaňlandyrmak üçin, 10 milliard ýuan (ABŞ-nyň 1,5 dollary) harçlamagy meýilleşdirýär. Munuň üçin «Xiaomi» öz düzüminde diňe elektromobilleri öndürmegi göz öňünde tutýan ýörite bölümçe döretmekçi bolýar. Hytaý dünýäniň iň iri elektromobil bazary bolup durýar we bu pudakda bäsdeşlik örän ýokarydyr.

“Micron» ikinji çärýegiň hasabatyny berdi

Mikroshemalary öndürýän «Micron» kompaniýasy 2021-nji maliýe ýylynyň ikinji çärýeginiň hasabatyny berdi. Hasabat döwri kompaniýanyň söwdalary ABŞ-nyň 6,24 milliard dollaryna deň boldy. Birinji çärýekde bu görkeziji ABŞ-nyň 5,77 milliard dollaryna deň bolupdy. Kompaniýanyň sap girdejisi ABŞ-nyň 663 million dollaryna (bir paýnama ABŞ-nyň 0,53 dollary) deň boldy

Dünýäniň iň iri söwda dükanlarynyň toplumy

Supermarketler toplumy «Walmart» kompaniýasynyň söwdalary we girdejisi ýokarlanmagyny dowam edýär. 2021-nji maliýe ýylynyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça kompaniýanyň söwdalary 7,7% ýokarlandy. Häzirki wagtda bütin dünýä boýunça kompaniýanyň dükanlarynyň we web-saýtlarynyň hyzmatlaryndan her gün 240 million müşderi peýdalanýar. Müşderilerini kanagatlandyrýan «Walmart» birnäçe ýyl bäri dünýäniň iň iri söwda dükanlarynyň toplumy diýen adyna eýe bolup gelýär

«fuboTV» 288% ösüş gazandy

Abuna ýazylmak üçin çözgütleri taýýarlaýan «fuboTV» kompaniýasynyň müşderileri günsaýyn artýar. Has anygy, 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginde kompaniýanyň abunaçylary 92800 adama ýeten bolsa, häzirki wagtda bu görkeziji 547880 adama barabar boldy. Şoňa laýyklykda, 2020-nji ýylyň 12 aýynda «fuboTV» kompaniýasynyň paýnamalary 288% ösüş gazandy. Geçen birža söwdalarynda kompaniýanyň bir paýnamasy ABŞ-nyň 30,09 dollaryndan satyldy

2 milliard dollarlyk paýnama ýerleşdirer

Nýu-Ýorkuň «Kaltura» wideo-kompaniýasy «Nasdaq» gazna biržasynda «KLTR» belgi bilen her biriniň bahasy ABŞ-nyň 14 – 16 dollary aralygynda 23,5 million paýnama ýerleşdirmekçi bolýar. Araçy bolup «Goldman Sachs» hem-de «BofA Securities» çykyş ederler. Şeýle-de paýnama ýerleşdirmek maksady bilen, «Kaltura» kompaniýasy goşmaça ABŞ-nyň 278,4 million dollary mukdarynda maýa goýum çeker. Şeýlelikde, «Kaltura»-nyň paýnamalarynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1,97 milliard dollaryna deň boldy.

«Viant» 14% gymmatlady

«Viant» 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginiň we ýylyň doly hasabatyny berdi. Dördünji çärýekde kompaniýanyň girdejisi 9% ýokarlanyp, ABŞ-nyň 56,5 million dollaryna ýetdi, sap girdejisi bolsa 138% artyp, ABŞ-nyň 12,9 million dollaryna (bir paýnama ABŞ-nyň 12,86 dollary) barabar boldy. Tutuş ýyl boýunça kompaniýanyň girdejisi ABŞ-nyň 165,3 million dollaryna, sap girdeji bolsa 108% ösüş gazanyp, ABŞ-nyň 20,6 million dollaryna deň boldy. Geçen birža söwdalarynda «Viant» kompaniýasynyň bir paýnamasy 14,31% gymmatlady we ABŞ-nyň 59,74 dollaryna, maýa dolanyşygy bolsa ABŞ-nyň 3,29 milliard dollaryna barabar boldy

«GameStop»-yň çärýek hasabaty

«GameStop» kompaniýasy 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginde ABŞ-nyň 80,5 million dollary möçberinde (bir paýnama ABŞ-nyň 1,19 dollary) girdeji alandygy barada habar berdi. Hasabata laýyklykda, «GameStop» kompaniýasynyň söwdalary ABŞ-nyň 2,21 milliard dollaryna deň boldy. Maglumat üçin, 2000-nji ýylda esaslandyrylan «GameStop» kompaniýasynyň dolandyryş edarasy ABŞ-ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýerleşýär.

«Design Therapeutics» «Nasdaq»-a çykdy

«GameStop» kompaniýasy 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginde ABŞ-nyň 80,5 million dollary möçberinde (bir paýnama ABŞ-nyň 1,19 dollary) girdeji alandygy barada habar berdi. Hasabata laýyklykda, «GameStop» kompaniýasynyň söwdalary ABŞ-nyň 2,21 milliard dollaryna deň boldy. Maglumat üçin, 2000-nji ýylda esaslandyrylan «GameStop» kompaniýasynyň dolandyryş edarasy ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýerleşýär.

«Dropbox» «DocSend»-y satyn aldy

Internet ulgamynyň «Dropbox» kompaniýasy elektron goly ulanmak, resminamalary kodlar arkaly goramak we ugurdaş işleri bilelikde ýerine ýetirmek üçin, resminamalaryň howpsuz alyş-çalşy hem-de seljerme üçin maglumat ýygnamak hyzmatlaryny taýýarlaýan «DocSend» kompaniýasyny satyn almak işleriniň tamamlanandygy barada habar berdi. Häzirki döwürde «Dropbox»-yň 180 döwletde 700 milliondan gowrak işjeň müşderileri bar.

«FedEx»-iň girdejisi artýar

Eltip bermek gullugynyň «FedEx» kompaniýasy 2021-nji maliýe ýylynyň üçünji çärýeginiň güýçli hasabatyny çap etdi. Kompaniýanyň söwdasynyň ýokarlanmagyna ýurt aralarynda ýük daşamak, şeýle-de ýaşaýyş jaý ulgamyna ýükleri eltip bermek hyzmatlaryna bolan islegiň artmagy itergi berdi. 28-nji fewralda tamamlanan çärýekde kompaniýanyň sap girdejisi ABŞ-nyň 892 million dollaryna (bir paýnama ABŞ-nyň 3,3 dollary) barabar boldy

«Microsoft» «Discord»-y satyn alýar

«Microsoft» kompaniýasy internet ulgamynda işleýän «Discord» kompaniýasyny satyn almakçydygy barada habar berdi. Geleşigiň umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna deň bolar. Häzirki wagtda internet-platformasynyň bütin dünýäde 100 milliondan gowrak işjeň ulanyjylary bar. Ýeri gelende bellesek, 2020-nji ýylda «Discord»-yň sap girdejisi ABŞ-nyň 130 million dollaryna barabar boldy

«ZoomInfo» oňyn teklipnama berildi

2020-nji ýylyň ikinji ýarymynda gazna biržasynda ilkinji gezek paýnamalaryny ýerleşdirenden soň, «ZoomInfo Technologies» internet-platformasynyň internet seljerme ulgamy bazarynda maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 20 milliard dollaryna ýetdi we häzirki wagtda degişli bazaryň 2%-ini eýeleýär. «Goldman Sachs» banky kompaniýanyň paýnamalaryna «satyn almak» teklipnamasyny berip, maksatlaýyn bahasyny ABŞ-nyň 65 dollary möçberinde kesgitledi

«Dick's Sporting Goods»-da haryt görnüşleri köpelýär

Geçen hepde «Williams Trading»-iň bilermenleri sport harytlarynyň söwdasyny amala aşyrýan «Dick's Sporting Goods» kompaniýasynyň paýnamalaryna «satyn almak» teklipnamany berdiler. Şeýle-de ABŞ-nyň 100 dollary möçberinde maksatlaýyn baha kesgitlediler. Hünärmenleriň pikirine görä, «Dick's Sporting Goods» kompaniýasynyň ösüşine hem-de müşderileriniň artmagyna, «VRST» haryt görnüşleriniň hataryna ady belli brend toplumynyň goşulmagy ýardam berdi

«Dick's Sporting Goods»-da haryt görnüşleri köpelýär

Geçen hepde «Williams Trading»-iň bilermenleri sport harytlarynyň söwdasyny amala aşyrýan «Dick's Sporting Goods» kompaniýasynyň paýnamalaryna «satyn almak» teklipnamany berdiler. Şeýle-de ABŞ-nyň 100 dollary möçberinde maksatlaýyn baha kesgitlediler. Hünärmenleriň pikirine görä, «Dick's Sporting Goods» kompaniýasynyň ösüşine hem-de müşderileriniň artmagyna, «VRST» haryt görnüşleriniň hataryna ady belli brend toplumynyň goşulmagy ýardam berdi

«Vizio» biržada paýnama ýerleşdirdi

ABŞ-nyň iň iri smart telewizorlaryny öndürýän «Vizio» kompaniýasy «NYSE» gazna biržasynda her biriniň bahasy ABŞ-nyň 21 — 23 dollary aralygynda paýnamalaryny ýerleşdirdi. Ýeri gelende aýtsak, kompaniýanyň ýerleşdiren paýnamalarynyň sany 15,12 milliona deňdir. Araçy bolup «J.P.Morgan», «BofA Securities», «Wells Fargo Securities», «Guggenheim Securities» çykyş etdiler. Paýnamalar ýerleşdirilenden soň kompaniýanyň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 5,555 milliard dollaryna ýetdi. Maglumat üçin, «Vizio» kompaniýasynyň 2002-nji ýylda düýbi tutuldy

«Inari Medical» 1 ýylda 173% ösüş gazandy

«Inari Medical» biotehnologiýa kompaniýasynyň häzirki wagtda innowasiýa serişdeleriniň, şol sanda, täze «ClotTriever» hem-de «FlowTriever» derman serişdeleriniň möçberi ABŞ-nyň 4 milliard dollaryna barabar hasap edilýär. Kompaniýanyň söwdalary 2020-nji maliýe ýylynyň dördünji çärýeginde 144%, bir ýylda bolsa 173% ýokarlanyp, ABŞ-nyň 140 million dollaryna deň boldy. Her paýnama alnan paý peýda ABŞ-nyň 0,43 dollaryna ýetdi

«DigitalOcean» 16,5 million paýnama ýerleşdirdi

Geçen hepde «DigitalOcean» kompaniýasy «NYSE» gazna biržasynda her biriniň bahasy ABŞ-nyň 44 — 47 dollary aralygynda 16,5 million paýnama ýerleşdirdi. Paýnamalar ýerleşdirilenden soň kompaniýanyň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 6,668 milliard dollaryna barabar boldy. Bir paýnamanyň maksatlaýyn bahasy 31% ösüşi göz öňünde tutmak bilen, ABŞ-nyň 61,9 dollary möçberinde kesgitlenildi. Araçy bolup «Morgan Stanley», «Goldman Sachs», «J.P.Morgan», «BofA Securities», «Barclays», «KeyBanc Capital» çykyş etdiler. Häzirki wagtda kompaniýanyň müşderi bazasy 185 döwletiň 570 müň raýatyndan ybaratdyr

«ON24»-iň ilkinji hasabaty

Internet tehnologiýalaryny öndürýän «ON24» kompaniýasynyň gazanjy 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginde 123% ösüp, ABŞ-nyň 53,3 million dollaryna deň boldy. Şeýle-de bir ýylyň dowamynda 76% artyp, ABŞ-nyň 156,9 million dollaryna ýetdi. «ON24» kompaniýasy 2021-nji ýylda ösüşiň dowam etmegine hem-de girdejisiniň ABŞ-nyň 205,5 — 208,5 million dollary aralygynda bolmagyna garaşýar. Bu hasabat kompaniýanyň paýnamalaryny ýerleşdirenden soň beren ilkinji hasabatydyr

«Amazon» «Walmart»-dan öňe geçdi

«UBS» agentliginiň maglumatyna laýyklykda, geçen hepde «Amazon» kompaniýasy «Walmart» kompaniýasyndan öňe geçip, ABŞ-da egin-eşik söwdasy babatynda birinjiligi eýelemegi başardy. Has anygy, 2020-nji ýylyň jemi boýunça «Amazon»-yň ABŞ-da egin-eşik we aýakgap söwdasy 15% artyp, ABŞ-nyň 41 milliard dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji kompaniýanyň esasy bäsdeşi «Walmart»-yň görkezijisinden 20 – 25% ýokarydyr. Häzirki wagtda «Amazon» ABŞ-nyň egin-eşik bazarynyň 11 – 12%-ini, internet söwdasynyň bolsa 34 – 35%-ini eýeleýär

«Volkswagen»-iň paýnamalary 29,5% gymmatlady

Awtoulag öndüriji «Volkswagen» kompaniýasynyň paýnamalary 29,5% ösüp, geçen birža söwdalarynda 309,4 ýewro barabar boldy. Kompaniýanyň ýolbaşçylary 2025-nji ýyla çenli dünýäde elektromobil öndürmekde birinjiligi eýeleýän «Tesla» kompaniýasyndan öňe geçmegi maksat edinýärler. Şeýle hem «Volkswagen» kompaniýasy 2021-nji ýylda elektromobil önümçiliginiň häzirki görkezijisini iki essä ýetirmegi meýilleşdirýär. Ýeri gelende bellesek, «Volkswagen» 2030-njy ýyla çenli Ýewropada elektromobiller üçin akkumulýatorlary öndürýän alty sany zawod gurmakçy bolýar.

«Oracle» üçin oňaýly çaklama berildi

“Barclays» agentliginiň bilermenleri programma üpjünçiligini öndürýän «Oracle» kompaniýasynyň paýnamalaryna «bazar bahadan ýokary» teklipnama berdiler. Şeýle-de maksatlaýyn bahasyny ABŞ-nyň 80 dollary möçberinde kesgitlediler. Maglumat üçin, kompaniýanyň paýnamalary 2020-nji ýylyň dowamynda 50% ösüş gazandy.