«DAŞOGUZ» DÖWLET LOMAÝ-BÖLEK SÖWDA FIRMASY

Alyp barýan işleriniň ugry: Lomaý we bölek söwda. Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Söwda firmasynyň 56 dükany bolup, onuň 37- si azyk, 10-sy senagat we 9-sy garyşyk harytlaryň söwdasyny amala aşyrýar. Ilaty jemgyýetçilik iýmitleri bilen üpjün edýän 105 sany naharhanasy bolup, olaryň 37-si çagalar baglarynda, 27-si mekdeplerde, 41-si welaýat hassahanalarynda ýerleşýär. Şeýle-de, «Aýna», «Altyn asyr» restoranlary, üç sany «Daýhan» bazary, konditer, şöhlat önümlerini öndürýän sehleri we «Altynaý» spirt öndürýän zawody bar. 
Salgysy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş. Parahat köçesi, 8-nji jaý. 
Tel: +933 322 6-47-47
Faks: +933 322 6-47-36

DAŞOGUZ WELAÝAT ALYJYLAR JEMGYÝETLERINIŇ BIRLEŞIGI

Alyp barýan işleriniň ugry: Söwda, market, bazar, restoran, önümçilik, guşçulyk. Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Birleşigiň garamagynda 422 sany söwda nokady bolup, şolaryň 7-si söwda merkezi, 5-si minimarket we 410-sy dükandyr. Şeýle-de, 72 sany jemgyýetçilik hyzmat ediş nokady bar. 57 sany önümçilik sehinde çörek we çörek önümleri, unaş önümleri, süýji-köke, şöhlat we gündelik sarp edilýän azyk harytlary öndürilýär.         
Salgysy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Oguzhan köçesi, 47-nji jaý. 
Tel: +933 322 2-41-08
Faks: +933 322 2-43-56