Ştutgartyň gazna biržasyna degişli «Blocknox» kompaniýasy, banklar we maýa goýum kompaniýalar üçin sanly pul birliklerini we aktiwlerini saklamak boýunça hyzmatlary hödürläp başlady. Ýanwar aýy «Blocknox» degişli lisenziýany alandygy barada, ýerli regulýatora resmi habary iberdi.
Tiz wagtdan «Norwegian Air Shuttle» awiakompaniýasy awiapeteklTiz wagtdan «Norwegian Air Shuttle» awiakompaniýasy awiapetekleri satyn almak üçin kriptowalýutalary ulanmaga mümkinçilik döreder. Munuň üçin ululygy boýunça Ýewropanyň üçünji awiakompaniýasy, kriptowalýuta hasaplaşyk üçin töleg infrastrukturasy işläp düzýän ýerli «Norwegian Block» söwda platformasy bilen hyzmatdaşlyga başlady.eri satyn almak üçin kriptowalýutalary ulanmaga mümkinçilik döreder. Munuň üçin ululygy boýunça Ýewropanyň üçünji awiakompaniýasy, kriptowalýuta hasaplaşyk üçin töleg infrastrukturasy işläp düzýän ýerli «Norwegian Block» söwda platformasy bilen hyzmatdaşlyga başlady.
Elektronika öndüriji «Garmin Ltd.» (GRMN, NASDAQ) kompaniýasy üstünlikli tamamlanan ýene bir çärýegiň jemleri barada habar berdi. Dördünji çärýekde kompaniýanyň gazanjy 18% ösüp, 1,1 milliard dollara barabar boldy.
Inwentorlary öndürýän «Enphase Energy, Inc.» (ENPH, NASDAQ) kompaniýanyň paýnamalary geçen hepdäniň ahyrynda bolan söwdalarda bir bada 42,44% ösdi. Onuň sebäbi hem dördünji çärýegiň hasabaty, şeýle-de kompaniýanyň biznesini mundan-da beýläk ösdürip biljek täze önümleriň goýberiljegi barada habar boldy.
Awtomatlaşdyrmak sistemasyny öndüriji «Zebra Technologies» kompaniýasynyň arassa gazanjy dördünji çärýekde ýokary göterildi. Kompaniýanyň biznesiniň «Enterprise Visibility & Mobility» (EVM) bölüminde arassa satuwlar 813 million dollara barabar boldy, onuň «Asset Intelligence & Tracking» (AIT) bölüminde bolsa arassa satuwlar 379 million dollara ýetdi.