020220 birja

Bitkoin dünýäni okgunly özgerdýär. Bu elektron görnüşli pul birliginiň islendik muşdagy bolsa, kriptowalýutanyň pul birlikleri diýen düşünjäni düýbünden üýtgetjegi we olaryň pul aýlawynyň geljegi boljakdygy barada size aýdyp berer. Dogrudan hem, olar bu pikirlerinde mamla bolmagy ahmal. Bitkoin – munuň özi häzirki döwür konfidensiallyk meselelerini çözýän, ilaty bank hyzmatlaryndan peýdalanmazdan, ähli maliýe meselelerini çözmäge mümkinçilik berip bilýän, şeýle-de iri banklardan ykdysady kuwwatlylygy yzyna – halkyň eline täzeden paýlaýan häzirki döwrüň bütindünýä walýutasydyr. Kriptowalýutalar – aktiwleriň düýbünden täze görnüşleri. Olar beýleki maliýe bazarlaryna garaşly däldirler. Blokçeýnler çökgünliklere we hümmetsizlenmekliklere dahylly däldirler. Elektron görnüşli pul birlikleri, esasanam, bitkoin puly ýa-da baýlygy saklamagyň iň amatly serişdeleri hasap edilýär.

DMC Firewall is developed by Dean Marshall Consultancy Ltd