abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

«Aşpezlik işi» hünäri boýunça geçirilen bäsleşikde talyp gyzlar türkmen halkynyň milli tagamy bolan palaw hem-de pişme bişirmekde, gök önümli işdäaçar taýýarlamakda öz ussatlyklaryny synagdan geçirdiler. Talyp gyzlaryň okuw mekdebinde mugallymlaryndan öwrenen inçe syrlaryny, öýde enelerinden alan öwütlerini ulanyp, «Bereketli türkmen saçagy» kitabyny gollanma edinip bişiren tagamlary eminleriň hem, bäsleşigiň myhmanlarynyň hem ýokary bahalaryna mynasyp boldy. Türkmen palawynyň gapdalyndan saçaga äberilen, dürli gök önümlerden şekiljikler ýasalyp, bezelen işdäaçarlar we nepislik bilen kesilen türkmen gawuny bolsa desterhana üýtgeşik owadanlyk çaýdy. Bu ugurda tagamyň taýýarlanyşyndan başlap, saçaga äberilişine çenli ählisini gözden geçiren we bahalandyran eminler topary bäsdeş boýdaşlaryndan has tapawutlanan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Başlangyç hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Gülruh Gurbanmuhammedowany ýeňiji diýip yglan etdiler. Şeýle-de Ahal welaýat häkimliginiň Gökdepe etrabyndaky 5-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Soltanjemal Taganowa ikinji ýere, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap häkimliginiň 5-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Aýlar Nazarowa üçünji ýere mynasyp boldy.
«Tikinçi-biçimçi» hünärinden bäsleşen gyzlar lybasy biçmek we tikmek, ony göze gelüwli bezemek babatda başarnyklaryny görkezdiler. Olar tarapyndan gysga wagtyň içinde tikilen owadan biçüwdäki köýnekler bolsa, talyp gyzlara öz okuw mekdeplerinde mynasyp tälim berilýändigini doly subut etdi.
Bäsleşigiň jeminde eminler tarapyndan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehaniki-tehnologik orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Enebaý Ýagşyýewa birinji ýere, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Bagtoraz Agabaýewa ikinji ýere, «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Aýjemal Durdyýewa üçünji ýere mynasyp görüldiler.
«Kerpiç örüji» hünärinde talyp ýigitler özlerine tabşyrylan çyzgylardaky nagyş bilen bezelen diwarlary örmekde bäsleşdiler. Ýörite taýýarlanan taslama ussa ýigitlerden diwary tiz dikeltmek bilen bir hatarda, degişli şekili almak üçin kerpiçleri takyk kesmegi we tehniki howpsuzlygyň talaplaryny dogry berjaý etmegi-de talap edýär. Bäsleşigiň ahyrynda bellenilen wagtda işi ilkinji bolup ýerine ýetiren Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Umyt Myradow ýeňiji boldy. Ikinji orna Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Türkmenabat gurluşyk başlangyç hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Agajan Annaliýew mynasyp bolan bolsa, üçünji ýer Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Mahmut Ýakubowa berildi.
«Elektromontaž» hünärinde bäsleşen ýigitler bellenilen tertipde otagyň içinde elektrik geçirijilerini gurnamak boýunça taslamany ýerine ýetirdiler. Bu ugurda öz mugallymlaryndan alan tälimlerini birkemsiz özleşdirenligini subut edip, deň-duşlaryndan tapawutlanan Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Salar Hudaýberenow ýeňiji bolmagy başardy. «Elektromontaž» ugry boýunça ikinji orna Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Şatlyk Açylow laýyk görlen bolsa, üçünji orny Daşoguz welaýat häkimliginiň 2-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Daýanç Mätjanow eýeledi.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanylan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Şeýle-de bu dabara «WorldSkills Europe» birleşmesiniň agzalarynyň we ýolbaşçysynyň hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyny aýratyn bellemek gerek. Ýaşlara ylym almakda we hünär öwrenmekde ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy belent, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

Our website is protected by DMC Firewall!