abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

demo5Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal biržasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.07.1994ý. (1994-nji ýylyň iýul aýynyň 29-y) senedäki Buýrugy bilen döredildi we eksport-import amallaryny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek baradaky baş organyň wezipesini ýerine ýetirýän ýurduň möhüm ykdysady institutydyr. Biržanyň işiniň tertibe salynan mehanizmi onuň halkara ykdysady ulgamyna üstünlikli birikmäge mümkinçilik berýär.Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal biržasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.07.1994ý. (1994-nji ýylyň iýul aýynyň 29-y) senedäki Buýrugy bilen döredildi we eksport-import amallaryny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek baradaky baş organyň wezipesini ýerine ýetirýän ýurduň möhüm ykdysady institutydyr. Biržanyň işiniň tertibe salynan mehanizmi onuň halkara ykdysady ulgamyna üstünlikli birikmäge mümkinçilik berýär.
Başga ýurtlara garanyňda, Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal biržasynyň işiniň spektry örän giň. Ol, hakykatda köp ugurly birža bolup, söwda arkaly akyl ukybynyň obýektlerinden, sungat döredijiliginden we gozgalmaýan emläkden daşary dürli haryt-maddy gymmatlyklary kabul edýär we satýar.

Biržanyň gatnaşyjylary üçin, ýagny daşary ýurtly işewür adamlary we Türkmenistanyň telekeçileri üçin deň şertleri döretmek, haryt dolanşygyny atdyrmak we tizleşdirmek, hojalykda sarp edilýän gerekli harytlar bilen, önümçilik-tehniki önümleri we ýurduň halk hojalyk toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin niýetlenen enjamlar bilen içki bazary üpjün etmek ýaly döwrebap lomaý bazarynyň araçysynyň we guramaçysynyň esasy wezipelerinden daşary, harytlaryň öz bahasyna baglylykda bellenilýän nyrhlarynyň laýyklygyna gözegçilik etmek, baglanyşylýan daşary söwda şertnamalaryny we Türkmenistanyň içki bazarynyň çäklerindäki şertnamalaryny döwlet tarapyndan hasaba goýmak, baglanyşylan şertnamalaryň şertlerini öz wagtynda amala aşyrmak wezipeleri hem Biržanyň üstüne goýulýar. Biržanyň hünärmentleri önümiň girizilmek we çykarylmak maksada laýyklygyna baha berýärler, harytlaryň we önümiň importyna we eksportyna täsir edýän dürli sebäpleriň derňewini edýärler.

Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal biržalary baradaky” Kanunyna laýyklykda, broker ornuny almak ýa-da birža brokerleri bilen hyzmat ediş barada şertnama baglanyşmak arkaly kärhanalar we dürli görnüşdäki eýeçilikli guramalar, Türkmenistanyň we başga döwletleriň raýatlary birža söwdasynyň gatnaşyjylary bolup bilýärler.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is a Joomla Security extension!