abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

«SecureWorks Corp.» (SCWX, NASDAQ) kompaniýasy «IDC MarketScape»-yň reýtinginde ulgamyň iň öňdebaryjysy diýlip atlandyryldy. Kompaniýa howpsuzlykda we kiber goragy üpjün etmek boýunça operasiýalary jemlemekde netijeli tehnologiýalary ulanýar. «SecureWorks»-yň çap eden jemine laýyklykda, geçen çärýekde kompaniýanyň girdejisi Uoll-Stritiň hünärmenleriniň eden çeninden has ýokary boldy. Bu görkeziji 128,8 million dollara ýetdi. Kompaniýanyň ýitgisi 9,8 million dollar ýa-da her bir paýnamanyň bahasy 0,01 dollar boldy. Öň Uoll-Stritiň çenine görä, ýitgi her bir paýnama 0,06 dollar bolmalydy. «SecureWorks» sifr howpsuzlygynda çözgüt tehnologiýasyna bolan ösen islegleri esasy kanagatlandyryjydyr. Ýylyň başyndan bäri «SCWX»-nyň paýnamalarynyň bahasy 73% ýokarlanyp, geçen hepde bolan söwdalarda 15,4 dollara barabar boldy.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

Our website is protected by DMC Firewall!