abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

«Microsoft» (NASDAQ: MSFT) birinji çärýekde 9,8 milliard dollar (bir paýnama 1,14 dollar) girdeji alandygyny habar berdi. Bu görkeziji öňki ýyllar bilen deňeşdirilende (6,58 milliard dollar, bir paýnama 0,84 dollar), has ýokarydyr. Ikinji çärýekde kompaniýadan her bir paýnama üçin 1,06 dollar girdejä garaşylýar.
«Visa» (NYSE: V) dördünji çärýekde 2,85 milliard dollar (bir paýnama 1,23 dollar) girdeji alandygyny habar berýär. Bu görkeziji geçen ýylky bilen deňeşdireniňde, biraz (2,14 milliard dollar, bir paýnama 0,9 dollar) ýokarydyr. Operasiýalar boýunça girdeji bir paýnama 1,21 dollara barabar boldy. Hasabat döwri girdeji 4,86 milliard dollardan 5,43 milliard dollara çenli ösdi. Öňünden berlen maglumatlara laýyklykda, kompaniýada 5,44 milliard dollar girdejä (bir paýnama 1,2 dollar) garaşylýardy.
«Tesla Inc.» (NASDAQ: TESLA) üçünji çärýekde 312 million dollar (bir paýnama 1,75 dollar) girdeji alandygy barada habar berdi. Geçen ýyl firma 671 million dollar (bir paýnama 3,70 dollar) ýitgi çekipdi. Operasiýalar boýunça girdejiler her bir paýnamadan 2,90 dollara barabar boldy. Geçen ýyl her bir paýnama 2,92 dollar çykdajy bolupdy.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is a Joomla Security extension!