abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

«General Electric Co.» (NYSE: GE) üçünji çärýekde 22,8 milliard dollar (her paýnama 2,62 dollar) ýitgi çekendigini habar berdi. Geçen ýyl ýitgi 1,32 milliard dollar (bir paýnama 1,32 dollar) bolupdy. Düzediş esasynda kompaniýanyň geçen ýyldaky girdejisi her bir paýnama 14 sentden düşdi. Hasabat döwri boýunça girdeji 7% ýokarlanyp, 29,57 milliard dollara barabar boldy. Kompaniýanyň energetik böleginiň girdejisi 33% pese düşdi.
«Chesapeake Energy Corp.» (CHK) üçünji çärýegiň hasabatynda 60 million dollar girdeji (bir paýnama 7 sent) gazanandygyny habar berdi. Bu görkeziji geçen ýyl 41 million dollar ýitgä (bir paýnama 5 sent) barabar bolupdy. Düzediş esasynda kompaniýanyň girdejisi her bir paýnama 19 sent boldy. Hasabat döwri boýunça girdeji 2,418 milliarddan, 1,943 milliard dollara ýetdi.
«American Tower Corp.» (NYSE: AMT) üçünji çärýek boýunça 367 million dollar girdeji (bir paýnama 83 sent) gazanandygyny habar berdi. Düzediş esasynda kompaniýanyň girdejisi her bir paýnama 1,85 dollar boldy. Operasiýalar boýunça üçünji çärýekde girdeji 6% ösüp, 1,79 milliard dollara çenli ýokarlandy.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

Our website is protected by DMC Firewall!