abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Ikinji ýitgi «Barselona» degişli. Dogry öz öýünde sanawyň lideri «Sewilýany» kabul eden kataloniýalylar ýeňiş gazanmagy başardylar. Gollara baý bolan gapma-garşylykda ýer eýeleri 4-2 hasabynda üstün çykdy. Ýer eýelerinden Koutinýo, Messi, Suarez we Rakitiç tapawutlanan bolsalar, myhmanlardan Pablo Sarabiýa hem-de Luis Muriýel öz adyny tablo ýazdyrdylar. Gazanylan 3 utukdan soň Walerdeniň şägirtleri 18 utuk bilen birinji ýere göterildiler. Emma olaryň bu oýunda sezewar bolan ýitgisi utuk bilen hasaplardan has uly. Çünki duşuşygyň 26-njy minutynda häzirki «Barselonanyň» çalşyryp bolmajak oýunçysy Lionel Messi şikes alyp meýdany terk etdi. Soňrak topar lukmanlarynyň beren maglumatlaryna görä, argentinaly superýyldyz 28-nji oktýabrda «Kamp Nouda» boljak el-klassiko-da gatnaşyp bilmez. Şeýlelikde, 2007-nji ýyldan bäri ilkinji gezek el-klassiko Messi we Ronaldosyz geçer.
Şu wagta çenli güýçli bäşlikdäki çempionatlarda diňe «Ýuwentus» ýitgisiz ýörişini dowam etdirýärdi. «A» seriýanyň 8 oýnunyň ählisinde ýeňiş gazanan «Turin» superkluby şenbe güni «Jenoa» bilen güýç synanyşdy. Duşuşyk Massimilýano Allegriniň şägirtleri üçin şowly başlanan hem bolsa, ahyrda olar garşydaşlary bilen utuk paýlaşmaga mejbur boldular. Bu deňlik garry senýoranyň möwsümdäki ilkinji ýitgisidir. Indi oýna gelsek, hasaby ilkinji bolup ýer eýeleri açdy. Duşuşygyň 18-nji minutynda Kriştiýano Ronaldo tapawutlandy. Bu gola 67-nji minutda Daniel Bessanyň urgusy bilen jogap gaýtaran myhmanlar, oýnuň ahyryna çenli şol hasaby saklap galmagyň hötdesinden geldiler. Ýeri gelende aýtsak Ronaldonyň şu duşuşykda geçiren topy ony güýçli bäşlikde 400 gol uran ilkinji futbolça öwürdi. Bu sepgide ýetmek üçin portugaliýaly superýyldyza 497 oýun ýeterlik boldy. Onuň esasy garşydaşy Messiniň hasabynda 389 gol bar.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is developed by Dean Marshall Consultancy Ltd