abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

301018 altyn asyr27-nji oktýabr senesinde Yragyň Basra şäherindäki «Sport Siti Stadium» stadionynda AFK kubogynyň final duşuşygy bolup geçdi. Onda yklymyň ikinji derejeli ýaryşynyň baş baýragy üçin Yragyň «Air Force Club» topary bilen Türkmenistanyň çempiony «Altyn Asyr» futbol kluby güýç synanyşdy. Duşuşyk turuwbaşdan ýer eýeleriniň hüjümi bilen başlandy. Şeýle-de bolsa Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri yrakly futbolçylaryň deslapky basyşyna gaýtawul bermegi başardylar.Emma birinji ýarymyň ortalaryna gelip meýdanda oýnuň gidişi deňleşen bir wagtda, goragmyzda goýberilen säwlik sebäpli garşydaşlarymyz hasaby açdylar. Duşuşygyň ilkinji 45 minutlygy şu hasap bilen tamamlandy. Ikinji ýarymyň başyndan üstünligi öz eline alyp hüjüm eden ildeşlerimiz howply pursatlaryň birnäçesini döretdiler. Ýöne olardan peýdalanmak ýigitlerimize nesip etmedi. Oýnuň ikinji böleginiň deslapky 10 minudyny goranyp geçiren ýer eýeleri soňra birneme dem dürsäp hüjüme geçdiler. Netije-de burçdan oýna girizilen topdan soň Ibrahim Baýeş hasaby artdyrmagy başardy. Aradan 8 minut geçip ildeşlerimiz hasaby gysgaltmak üçin örän gowy mümkinçilik aldylar. Emma eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusyny amala aşyran Selim Nurmyradowyň urgysy derwezä dürs barmady. Şondan soň hem yzly-yzyna hüjüm geçiren «Altyn Asyr» hasaby deňlemäge ýeterlik pursatlara eýe boldy. Has hem hüjümçimiz Altymyrat Annadurdyýew tarapyndan geçirlen urgylar ýer eýeleriniň derwezebanyna ynjalyk bermedi. Emma eminiň soňky jürlewügine çenli göreşen aragatnaşykçylara şol gün şowlulyk gülüp bakmady. Şeýlelikde Yragyň «Air Force Club» topary bassyr üçünji gezek AFK kubogyna mynasyp boldy. Finala çenli ýeňlişsiz ýoluny dowam eden Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri bolsa bu ýyllykça kümüş medal bilen kanagatlanmaly boldular. Ýöne biz futbolçylarymyzyň indiki ýyl bu kubogy türkmen diýaryna hökman getirjekdiklerine uly ynam bildirýäris. Şeýle-de bir ýylyň dowamynda sowgat eden şatlykly pursatlary we buýsançly ýeňişleri üçin «Altyn Asyryň» ähli oýunçydyr tälimçilerine öz sagbolsunmyzy aýdýarys.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is developed by Dean Marshall Consultancy Ltd