Aşgabat wagty bilen 16-njy maýdan 17-nji maýa geçilýän gijede Diego Simeonäniň tälimçilik edýän «Atletiko» topary fransuzlaryň «Marsel» toparyny 0:3 hasabynda utup, Ýewropa Ligasynyň kubogyna eýe boldy. «Atletiko» oýnuň jylawyny elden bermän diýen ýaly, her bir pursatda seresaplylyk bilen oýnady diýsegem boljak.
Oýnuň birinji ýarymynyň 21-nji minudynda gol geçiren fransiýaly ussat futbolçy Grizmann ikinji ýarymyň 49-njy minudynda janköýerleriň şowhunyny artdyryp, gynansa-da, öz watandaşlarynyň lapyny keç etmeli boldy.
Bu bir oýun, haýsy topar üçin oýnasaň şonuň bähbidi üçin ylgamaly bolýar. «Atletiko» janköýerlik edýänleriň iň hormatly oýunçylarynyň biri – Gabi 89-njy minutda pökgini derwezäniň gujagyna salyp, hasaby 0:3-e ýetirdi.
Syrykly böküji türgen, iki gezek Olimpiýa çempiony Ýelena Isinbaýewa haýyr-sahawat işleri üçin Monte-Karloda baýraga mynasyp boldy. Syrykly böküji türgen, iki gezek Olimpiýa çempiony Ýelena Isinbaýewa haýyr-sahawat işleri üçin Monte-Karloda baýraga mynasyp boldy.
«Men haýyr-sahawat işleri we durmuşda parahatçylygyň tarapdary bolan çempion hökmünde «Monte-Karlo. 2018-nji ýylyň iň oňat zenany» diýen baýraga mynasyp görüldim». Isinbaýewa eýýäm köp wagt bäri Monte-Karloda ýaşaýar.
Türgen zenan 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýro Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdyrylmansoň karýerasyny tamamlapdy.1982-nji ýylyň 3-nji iýunynda doglan bu türgen zenan syrykly bökmek boýunça 27 gezek Russiýanyň rekordyny we 1 gezek dünýä rekordyny (5,06 m. 28.08.2009ý.) täzeläpdi.
Pekin uniwersitetiniň sport toplumynda Hytaý Halk Respublikasynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň işgärleriniň arasynda her ýyl geçirilýän 22-nji futbol ýaryşy boldy. Çäräni HHR-yň Daşary işler ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport batradaky baş müdirligi gurnadylar. Pekin uniwersitetiniň sport toplumynda Hytaý Halk Respublikasynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň işgärleriniň arasynda her ýyl geçirilýän 22-nji futbol ýaryşy boldy. Çäräni HHR-yň Daşary işler ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport batradaky baş müdirligi gurnadylar.
Ýaryşa Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, ABŞ-nyň, Italiýanyň, Polşanyň, GAR-nyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Şwesiýanyň, Awstraliýanyň, Wengriýanyň, Maldiwleriň Ilçihanlaryna, şeýle hem Hytaýyň DIM-ne we Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligine wekilçilik edýän 16 topar gatnaşdy.
Ýaryşda toparlaryň ählisi çalt depginli, hüjümli oýnadylar. Hatarynda diplomatik wekilhananyň işgärleri we Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bolan ýygyndy toparymyz aýgytlaýyjy duşuşykda Hytaýyň DIM-niň toparyny 2:1 hasabynda utup, çempionlyk kubogyna mynasyp boldy. Üçünji orny Beýik Britaniýanyň Ilçihanasynyň topary eýeledi.
Ady rowaýata öwrülen braziliýaly ussat futbolçy Pele fransuzlaryň «PSŽ» toparynda goragçy bolup oýnaýan Dani Alwesiň şikes alanlygy zerarly Russiýada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmejegini eşidip örän gynandy.
Ady rowaýata öwrülen braziliýaly ussat futbolçy Pele fransuzlaryň «PSŽ» toparynda goragçy bolup oýnaýan Dani Alwesiň şikes alanlygy zerarly Russiýada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmejegini eşidip örän gynandy. «Bu habary eşitmek meniň üçin örän ýakymsyz boldy. Futbolçylar islendik oýna gatnaşmazlygy halanoklar, ýöne öz tejribäm bilen aýtsam, dünýä çempionatyny sypdyrmaklyk – bu baryndan hem ýakymsyz duýgy» diýip, Pele «Twitterdäki» sahypasynda ýazdy.
Alwes Fransiýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final oýnunda «Le-Erbýe» (2:0) topary bilen bolan oýnuň 41-nji minutynda dyzyny agyrdyp, oýundan çykypdy. Dani Alwesiň haçan gutuljagy belli däl.
Uill Pauer «Indianpolis» trassasynda geçirilen «IndyCar Grand Prix» ýaryşynda öz ussatlygyny subut etdi. Munuň özi öňki çempionyň şu möwsümdäki birinji ýeňşidir. Uill Pauer «Indianpolis» trassasynda geçirilen «IndyCar Grand Prix» ýaryşynda öz ussatlygyny subut etdi.
Munuň özi öňki çempionyň şu möwsümdäki birinji ýeňşidir. Pauer badalgada öňdäki hatarda bolsa-da, ýoluň ilkinji kilometrlerinde Robert Uikense ozmaga mümkinçilik berdi. Emma pellehana 35 aýlaw galanda öňe okdurylyp, ýoluň soňuna çenli birinjiligi saklamagyň hötdesinden geldi.
Onuň yzysüre Skott Dikson geldi. Robert Uikens üçünji orun bilen oňmaly boldy. Kanadaly Robert Uikens eýýäm ikinji gezek hormat münberine çykyp gördi. Dördünji we bäşinji ýeri «Formula-1»-iň öňki uçarmanlary Sebastýen Burde bilen Aleksandr Rossi eýeledi.