2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Hytaý Halk Respublikasynyň Milletleriň merkezi uniwersitetiniň sport toplumynda Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasynyň işgärleriniň, Pekiniň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň şeýle-hem türkmen we hytaý talyplarynyň gatnaşmagynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda sport baýramçylygy geçirildi.
2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Hytaý Halk Respublikasynyň Milletleriň merkezi uniwersitetiniň sport toplumynda Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasynyň işgärleriniň, Pekiniň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň şeýle-hem türkmen we hytaý talyplarynyň gatnaşmagynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda sport baýramçylygy geçirildi.
Türkmenistanyň boks ýygyndysynyň iri ýaryşlarda uly üstünlikleri gazanjak günleriniň daşda däldigine ynanýarys. Milli ýygyndymyzy Olimpiýa oýunlarynyň çempiony Aleksandr Lebzýagyň türgenleşdirmegi bilen şol üstünlikleriň hatarynyň uzandygyny aýtmak gerek. Dünýä belli hünärmen «Biznes reklama» gazetiniň habarçysy bilen söhbetdeşlikde türkmen boksçularynyň mümkinçilikleri barada şulary gürrüň berdi.
– Türkmenistanly boksçulardan uly üstünliklere garaşylýandygy siziň jogapkärçiligiňizi artdyrýan bolsa gerek!– Elbetde, jogapkärçiligimiz artýar. Türgeniňem, tälimçiniňem baş maksady özünden edilýän tamany ödemekden ybarat. Häzirki wagtda munuň üçin ähli mümkinçilikler bar. Türkmenistanyň çempionatynyň jemi boýunça Aziýa oýunlarynda çykyş etjek esasy düzümimizi kesgitledik. Şol boksçular hem Tomusky Aziýa oýunlarynda öz başarnyklaryny görkezerler.– Tomusky Aziýa oýunlary hem Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň biri hasaplanýar, şeýle dälmi?– Dogrusy, biz Aziýa oýunlaryna geçiş ýaryşy hökmünde garaýarys.
11-nji aprelde Aziýada türkmen derbisiniňem şaýady bolduk. AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn oýunlarynyň üçünji tapgyrynda, türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek ýurdumyzdan wekilçilik edýän iki topar bir-birlerine gabat geldi, ýagny «Altyn Asyr» we «Ahal» öz aralarynda duşuşdy. «Aşgabat» stadionyna ýygnanan on alty müňe golaý janköýeriň göz öňünde geçirilen bu oýun meýdan eýeleri bolan «Ahalyň» topa eýeçilik etmek babatda artykmaçlygy bilen başlanan bolsa, olaryň hüjümleri gaty howply görnüş almady. Birinji ýarymyň ikinji böleginde oýun hörpüni deňlän aragatnaşykçylaryň hüjüminde hem göze görnüp duran artykmaçlyk duýulmady.
Taraplar arakesmä 0:0 hasaby bilen çykdylar. Ikinji ýarym, birinjiden tapawutlylykda, «Altyn Asyryň» hüjümleri bilen başlandy. Hüjümler, göräýmäge, sagdyn gurnalan bolsa-da, soňky urgyny urmakda aragatnaşykçylara amat ýetmedi. Ahalyň hüjümçisi Süleýman Muhadowyň birnäçe hüjümleri bolsa garşydaş goragçylary Zafar Babajanow we Mekan Saparowdan aňry ötmedi. Netijede, her näçe jan etselerem, bu oýunda hasap açmak iki tarapa hem başartmady. Toparçadan bir toparyň çärýek finala çykmalydygyny göz öňüne tutsak, bu hasap iki toparymyzyň hem peýdasyna däl. Tersine, garşydaşlarymyzyň peýdasyna diýse-de bolar.
2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan Kiýew şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda okap bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş gurnaldy.
Ýygyndy toparlaryň arasynda ýaryşlar Kiýewiň Milli ulag uniwersitetiniň sport meýdançalarynda geçirildi.Ýaryşa Kiýewiň Milli ulag uniwersitetiniň, Ukrainanyň milli bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň, M.P.Dragomanow adyndaky milli mugallymçylyk uniwersitetiniň, Taras Şewçenko adyndaky Kiýewiň milli uniwersitetiniň, şeýle-hem Kiýewiň milli lingwistika uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.
7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň sport we Ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň sport we Ýaşlar syýasaty ministrliginiň sport mekdebiniň guramagynda Çagalaryň we ýetginjekleriň arasyndaky toparlar boýunça Aşgabat şäherindäki möwsümleýin 2018-nji ýylda şaýbaly hokkeý oýunlarynyň açyk birinjiligi geçirildi.
Açyk birinjilige 2002-2005-nji ýyllarda doglan ýetginjeklerden düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýaryşda ilki bilen, «Şir-Oguzhan» hokkeý topary, onuň yzysüre «Bürgüt-Şir» hokkeý toparlarynyň ýetginjekleri özara ýaryşdylar. 8-nji aprelde bolsa, 2018-nji ýylda şaýbaly hokkeý oýunlarynyň açyk birinjiligi boýunça ýaryşlaryň 2006-2009-njy ýyllarda doglan kiçi ýaşly ýetginjekleriň arasynda geçirildi.