Ýurdumyzda giň gerimde bellenilip geçilen Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda Polşanyň paýtagty Warşawadan gelip gowşan hoş habar il-ulsuň, aýratyn-da, boks muşdaklarynyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Ol ýerde geçirilen boks boýunça Feliks Ştammyň adyna goýlan baýrak ugrundaky XXXV halkara ýaryşynda gaýyş elligiň türkmen mekdebiniň ussatlary 5 medal gazandylar.
Munuň özi boks boýunça milli ýygyndy toparymyza ýaryşa gatnaşan 20 toparyň arasynda üçünji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Ildeşlerimiz bir altyn, iki kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldular.Ýurdumyzda giň gerimde bellenilip geçilen Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda Polşanyň paýtagty Warşawadan gelip gowşan hoş habar il-ulsuň, aýratyn-da, boks muşdaklarynyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Ol ýerde geçirilen boks boýunça Feliks Ştammyň adyna goýlan baýrak ugrundaky XXXV halkara ýaryşynda gaýyş elligiň türkmen mekdebiniň ussatlary 5 medal gazandylar.
Ýakynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Bosniýa we Gersogowinada geçirilen Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda taryhy netijäni gazanandygy başardy.
Hokkeý boýunça milli ýygyndymyz Saraýewoda geçirilen saýlama tapgyrda Kuweýtiň, BAE-niň hem-de ýer eýeleriniň ýygyndysyndan uly hasaplar bilen üstün çykyp, Dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynda çykyş etmäge hukuk gazandy.
Has takygy, milli ýygyndymyz BAE-ni 4:0, Kuweýti 24:2, ýer eýeleri bolan Bosniýa we Gersogowinanyň milli ýygyndysyny bolsa 13:3 hasabynda ynamly ýeňmegi başardy.
17.03.2018. Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde mart aýynyň 12-sinden 16-sy aralygynda Feliks Ştamm adyndaky boks boýunça XXXV halkara ýaryşy geçirildi, oňa 20 ýurtdan, şol sanda türkmenistanly türgenler gatnaşdylar. Erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşiklerde ýygyndy toparymyz umumytoparlaýyn hasapda üçünji orny eýeledi.17.03.2018. Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde mart aýynyň 12-sinden 16-sy aralygynda Feliks Ştamm adyndaky boks boýunça XXXV halkara ýaryşy geçirildi, oňa 20 ýurtdan, şol sanda türkmenistanly türgenler gatnaşdylar. Erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşiklerde ýygyndy toparymyz umumytoparlaýyn hasapda üçünji orny eýeledi.
Fewral aýynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda şu bäsleşiklere gatnaşmaga hukuk gazanan iň güýçli boksçylarymyz ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Aleksandr Lebzýagyň ýolbaşçylygynda Polşada geçirilen ýaryşa gatnaşdylar, Hursand Imankulyýew 62 kilograma çenli agramda altyn medala mynasyp boldy. 2017-nji ýylda geçirilen Yslam oýunlarynda bürünç medala eýelän türgen çärýek finalda mongoliýaly bäsdeşinden ynamly üstün çykdy.