Aşgabat wagty bilen 26-njy maýdan 27-nji maýa geçilýän gijede Ukrainanyň paýtagty Kiýewde «Real» bilen «Liwerpul» futbol toparlary Çempionlar ligasynyň kubogyny almak üçin bir pökginiň yzynda ylgadylar. Tomaşaçylar oýnuň ahyrynda haýsydyr bir toparyň begençden, beýleki bir toparyň gynançdan aglajagy hakda pikir etseler-de, ilki «Liwerpulyň» lideri Muhammet Salah egnini agyrdyp, 5 minut yzysüre «Realyň» goragçysy Danni Karwahal aýagyny agyrdyp, şikes alyp, ýaşyl meýdançany gözlerini ýaşlap terk etdiler. Aşgabat wagty bilen 26-njy maýdan 27-nji maýa geçilýän gijede Ukrainanyň paýtagty Kiýewde «Real» bilen «Liwerpul» futbol toparlary Çempionlar ligasynyň kubogyny almak üçin bir pökginiň yzynda ylgadylar.
Tomaşaçylar oýnuň ahyrynda haýsydyr bir toparyň begençden, beýleki bir toparyň gynançdan aglajagy hakda pikir etseler-de, ilki «Liwerpulyň» lideri Muhammet Salah egnini agyrdyp, 5 minut yzysüre «Realyň» goragçysy Danni Karwahal aýagyny agyrdyp, şikes alyp, ýaşyl meýdançany gözlerini ýaşlap terk etdiler. Oýnuň birinji ýarymynda hasap açylmasa-da, ikinji ýarymynda «Real» 3:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, Çempionlar ligasynyň kubogyny Zidanyň tälimçiliginde yzly-yzyna bassyr üçünji ýyl alýar.
Britaniýaly welotürgen (Sky) Kristofer Frum «Jiro d’Italiýanyň» 19-njy tapgyrynda ýeňiji bolup, umumy hasabyň hem başyny çekýär. 184 kilometrden soň daglyk ýerdäki pellehana Frumdan laýyk 3 minut soň ikinji ekwadorly türgen Riçard Karapas (Movistar) geldi.Britaniýaly welotürgen (Sky) Kristofer Frum «Jiro d’Italiýanyň» 19-njy tapgyrynda ýeňiji bolup, umumy hasabyň hem başyny çekýär.
184 kilometrden soň daglyk ýerdäki pellehana Frumdan laýyk 3 minut soň ikinji ekwadorly türgen Riçard Karapas (Movistar) geldi.
Weloşosse. «Jiro d’Italiýa». 19-njy tapgyr. Wenariýa-Reale – Bardonekkýa, 184
1. Kristofr Frum (Beýik Britaniýa, Sky) – 5:12.26.
2. Riçard Karapas (Ekwador, Movistar) – yza galyş 3.00
3. Tibo Pino (Fransiýa, FDJ) – +3.07.
4. Migel Anhel Lopes (Kolumbiýa, «Astana») – +3.12
5. Tom Dýumulen (Niderlandlar, Sunweb) – +3,23...
Ýurdumyzyň «Altyn Asyr» futbol kluby Aziýa klublarynyň arasyndaky ikinji derejeli turniriň, ýagny AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň «D» toparynyň ýeňijisi hökmünde 100 müň dollar pul baýragyna we sertifikata, AFK-nyň kubogynyň kiçi nyşanyna mynasyp boldy. Bu baýragy Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) ýerleşýän ştab-kwartirasynda kontinental futbol guramasynyň baş sekretary Dato Windzor Jon gowşurdy. Ýurdumyzyň «Altyn Asyr» futbol kluby Aziýa klublarynyň arasyndaky ikinji derejeli turniriň, ýagny AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň «D» toparynyň ýeňijisi hökmünde 100 müň dollar pul baýragyna we sertifikata, AFK-nyň kubogynyň kiçi nyşanyna mynasyp boldy.
Bu baýragy Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) ýerleşýän ştab-kwartirasynda kontinental futbol guramasynyň baş sekretary Dato Windzor Jon gowşurdy. «Altyn Asyra» topardan çykmak ýeňil düşmedi. Ýazguly Hojageldiýewiň tälimçilik edýän toparynyň futbolçylary Duşenbe şäherinde myhmançylykda oýnap, Täjigistanyň 6 gezek çempiony bolan «Istikloly» 3-2 hasabynda oýnuň iň soňky sekuntlarynda utdular.
Russiýaly MMA-nyň söweşijisi, UFC-yň ýeňil agramdaky çempionlyk guşagynyň eýesi Habib Nurmagomedow Çelýabinskide Russiýa boýunça geçirilýän «MMA 2018» çempionatynyň çägindäki tutluşyklara baryp ýaş türgenler bilen duşuşdy. «Türgenleşiň, ata-eneleriňizi diňläň, gowy okaň!
Sebäbi bilimsiz, akmak türgenler uzaga gitmeýär. Okamak gerek. Beýni – türgeniň iň wajyp bölegi. Islendik meselede dogry netijä gelmek üçin hemişe sowukganlylygy saklap, sowatly pikirlenmeli. MMA – bu UFC guşagyny arzuw edilýän menzil. Öňünden aýdaýyn: ýeňil däldir.
Goý, siz UFC çempiony bolmasaňyz bolmaň, emma ata-eneleriňiziň, ýurduň ogullary bolmaga borçlusyňyz!» diýip, Habib ýaşlara ündedi.
Argentinanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň öňki meşhur hüjümçisi Diego Maradona belaruslaryň «Dinamo» toparynyň dolandyryş edarasynyň başlyklygyna saýlandy. Argentinanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň öňki meşhur hüjümçisi Diego Maradona belaruslaryň «Dinamo» toparynyň dolandyryş edarasynyň başlyklygyna saýlandy. Ady rowaýata öwrülen futbolçy Diego Armando Maradona bu topar bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.
Diego täze işine Russiýada geçiriljek dünýä çempionaty tamamlanandan soň girişer.Maradonanyň agenti Matias Morla: «Diego Russiýada geçýän futbol boýunça dünýä çempionatyna žurnalist hökmünde, ýagny Wenesuelanyň «Telesur» döwlet teleýaýlymynyň wekili bolup barar» diýýär.