abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Şu babatda, Hökümetara türkmen-türk toparynyň hem-de bilelikdäki Işewürler geňeşiniň işiniň we hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny gözläp tapmak, Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin oňat mümkinçilikleri döredýän işewürler maslahatlarynyň we pudaklaýyn sergileriň yzygiderli geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýär.
Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogly ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine berýän ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türk kompaniýalarynyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, türkmen halkynyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri hem-de düzümleýin taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman hoşlaşanlarynda uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen bilelikde işlemegiň köpýyllyk tejribesiniň esasynda guralýan iki ýurduň işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is a Joomla Security extension!