abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

211118 bilim sportPaýtagtymyzda 13-14-nji noýabr aralygynda ýurdumyzyň Bilim ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat geçirildi.
Foruma gatnaşmak üçin dünýäniň 30 ýurdundan, şol sanda Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Şweýsariýadan, Italiýadan, Gresiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Pakistandan, Malaýziýadan, Ýemenden, Polşadan, Slowakiýadan, Rumyniýadan, Mongoliýadan, Latwiýadan, Belarusdan, Gruziýadan, Moldowadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyz Respublikasyndan hem-de beýleki döwletlerden Türkmenistana gelen wekiliýetleriň düzüminde daşary ýurtly myhmanlaryň ýüze golaýynyň bolmagy döwletimiziň halkara sport hereketini we bilimi ösdürmäge saldamly goşandynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Şu halkara serginiň we ylmy maslahatyň esasy maksady bilim, bedenterbiýe we sport ulgamlaryny ösdürmäge ýardam bermekden hem-de bu babatda wajyp ugurlar bilen tanyşdyrmakdan, öňdebaryjy tehnologiýalary ilerletmekden hem-de okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga, sport-sagaldyş hereketiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýän peýdaly usullary ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Bilim we sport ulgamlarynyň gazananlaryny birleşdiren däp bolan halkara sergi milletiň, ýurdumyzyň geljeginiň esaslaryny goýýan bu möhüm ugurlaryň sazlaşygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

Our website is protected by DMC Firewall!