abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

250119 bagt surTürkmen poeziýasynyň häzirki ösüşi bilen diňe edebiýatçylarymyz däl, okyjylarymyz hem gyzyklanýarlar, şahyrlarymyzy yzarlap okaýarlar. Mundan on-ýigrimi ýyl ozal ýaş şahyrlar diýýänlerimiziň arasynda uly şahyrlyga ýetişenler-de bar. Gazetlerde, žurnallarda toplum-toplum goşgy çap edilýänligine garamazdan, söýüp okaýan şahyryň goşgularyny kitap görnüşinde eliňe almak, onuň döredijiliginiň bir döwrüne giňişleýin göz aýlamak okyjy üçin, has dogrusy şahyryň özi üçin zerur.
Kakamyrat Rejebowyň goşgularynyň kitap bolaryna-da sabyrsyz garaşan okyjylarymyz az däldir. Şahyryň «Bagtyň suraty» atly ilkinji goşgular kitabynda ýurdumyzyň ösüş tizligi, paýtagtymyzyň ruhy howalasy, durmuş filosofiýasy, ýollaryň sowaly, söýginiň näzik örtenmeleri bar. Täze neşir ýedi müň tiraž bilen çap edildi. Neşiriň surat redaktory Oguldöndi Çerkezowa. Kitabyň ilkinji sahypalarynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew şahyr Kakamyrat Rejebowyň döredijiligi hakdaky pikirlerini paýlaşýar.
Hormatly poeziýa muşdaklary, şahyr Kakamyrat Rejebowyň «Bagtyň suraty» atly ilkinji goşgular kitabyny ýakyn günlerde ýurdumyzyň kitap dükanlaryndan alyp bilersiňiz.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

Our website is protected by DMC Firewall!