250119 maks onumBalkan welaýatynyň Serdar şäherinde ýerleşýän «Nurana-Aý» haryt nyşanly çörek we konditer önümlerini öndürýän sehiniň zähmetsöýer işgärleri önümleriň görnüşlerini köpeltmek, hilini gowulandyrmak babatda yzygiderli işleri alyp barýarlar. 2015-nji ýyldan bäri halka hyzmat edip gelýän «Nurana-Aý» haryt nyşanly çörek we konditer önümlerini öndürýän sehde 15 adam zähmet çekip, geçen hepde konditer önümleriniň täze görnüşlerini öndürip başladylar.
Bu kärhanada «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda miwe we bakja önümlerini hem gaýtadan işlemeklige girişmek meýilleşdirilýär.

Our website is protected by DMC Firewall!