Ýakynda bolsa Hormatly Prezidentimiz Kerki şäherinde döwrebap howa menzilini gurmak hakyndaky Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiziň bu Karary ildeşlerimizi diýseň begendirip, ýurdumyzy ykdysady taýdan barha belentliklere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan buýsançlaryny artdyrdy.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda gurlup başlanjak bu möhüm desga halkymyz, esasan hem, Lebap welaýatynyň ilaty üçin birnäçe amatlyklary döreder. Bu howa menzilini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gündogdy» hususy kärhanasy gurar.
Howa menzilini döwrebap enjamlaşdyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek Fransiýanyň dünýä belli «Thales» kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Häzirki wagtda howa menziliniň gurluşygy üçin 200 gektar ýer bölünip berildi. Howa menziliniň düzüminde wajyp ulag merkeziniň ähli bölümleriniň üznüksiz we netijeli işlemegini, ýolagçylara ýokary medeniýetli hyzmat etmegi, işgärlere zerur iş şertlerini üpjün etjek binalar toplumy bolar. Howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenilýär.
Kerki şäherinde guruljak howa menzili ýurdumyzyň ähli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini ep-esli giňelder we ýolagçy gatnadylmagynyň ýokary derejede amala aşyrylmagyny üpjün eder.
Şeýle tutumly işleri üçin ildeşlerimiz hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdyp, janynyň sag, beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler.

DMC Firewall is a Joomla Security extension!