abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

030519 yurdum

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ilatyň saglygyna yzygiderli gözegçilik etmek, saglygy goramak, dikeltmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berlen, ýokary tilsimatly, iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlar bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar bu gün halkymyzyň hyzmatynda. Öz halkynyň bagtyýar durmuşy barada aladalanýan hormatly Prezidentimiziň sahawaty bilen ýurdumyzda döwrebap saglyk merkezleriniň ýene-de birnäçesini gurmaklyk meýilleşdirilýär. Olar Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň düzüminde gurulmagy meýilleşdirilýän 350 orunlyk Ahal welaýat Köpugurly hassahanasy, 150 orunlyk Ahal welaýat Onkologiýa hassahanasy, Saglyk öýi, 150 orunlyk Ahal welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Tiz kömek merkezi, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda gurulmagy göz öňünde tutulýan 200 orunlyk Ýokanç keseller hassahanasy, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahanasy, 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasy, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän 450 orunlyk Köpugurly hassahanasy, 150 orunlyk Onkologiýa hassahanasy we başgalardyr. Bu maglumatlar hormatly Prezidentimiziň öz halkynyň saglygy, bagtyýar durmuşy barada aladalarynyň, öňdengörüjilikli ynsanperwer syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Şunuň ýaly sahawatly tutumlary üçin ildeşlerimiziň Gahryman Arkadagymyza alkyşlary çäksizdir.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

Our website is protected by DMC Firewall!