030519 paytagtAk mermerli Aşgabat Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň öň hataryny çekmek bilen, özüniň ajaýyp binagärlik keşbine eýe boldy. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üsti özboluşly desgalar, şol sanda iri ýaşaýyş toplumlary bilen ýetirildi. Milli Liderimiziň täzeçillik strategiýasy netijesinde, türkmen paýtagty häzirki zaman, okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin amatly şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär.
Paýtagtymyzyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän binagärlik toplumlary paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşsa, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam eder. Sözüň doly manysynda, ýakyn ýyllarda bu ýerde edara binalarynyň, hyzmatlar ulgamy kärhanalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň tutuş toplumyny öz içine alýan täze ägirt uly şäher peýda bolar. Häzirki wagtda täze şäherçäniň estetik keşbiniň döredilmegi üçin birnäçe taslamalar işlenilip düzüldi. Täze binagärlik taslamalary özboluşly, tapawutly hem-de täsir galdyryjy häsiýete eýe bolar. Munuň üçin binalaryň we desgalaryň bezeginde milli amaly-haşam sungatynyň ýörelgeleri, häzirki zaman çözgütler döredijilikli ulanylar. Binagärlik toplumynyň merkezinde gurulmagy meýilleşdirilýän «Türkmeniň ak öýi» binasy giň göwrümli täze gurluşyklaryň aýratyn bezegi bolar. Türkmeniň ak öýi görnüşindäki täsin hem-de belent desga iri dabaralaryň we medeni çäreleriň geçirilmegi üçin niýetlener. Ak öý abadançylygyň we ösüşiň, dostlugyň hem-de türkmen myhmansöýerliginiň nyşanydyr. Biz hem abadançylygy we ösüşi nazarlaýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, döwletli işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris.

Our website is protected by DMC Firewall!