abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Bu ýerde saglyk edaralarynyň hem giň ulgamy dörediler. Iki sany Saglyk öýi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi hem-de beýleki hassahanalar bina ediler. Welaýat merkezinde Ruhyýet köşgi, Medeniýet öýi, drama teatrynyň binasy, kitaphana, sirkiň binasy we muzeý gurlar. Häzirki zaman sport toplumynyň ikisi bina ediler. Raýatlaryň dynç almagy üçin bagy-bossanly seýilgäh dörediler. Söwda we dynç alyş merkezi ilata hyzmat eder.
Bulardan başga-da aýlawy, türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini, Ylmy-önümçilik merkezini gurmak hem göz öňünde tutulýar.
Şäherde dolandyryş, işewürlik, durmuş-üpjünçilik we ulag-aragatnaşyk ulgamlary hem dörediler. Bu edaralar täze iş orunlaryny döretmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini has gowulandyrmaga mümkinçilik berer.
Bu ýerde ýaşajak ilat üçin iň gowy şertler, iş orunlary, iň häzirki zaman durmuş gurşawy dörediler. Bu bolsa, diňe bir bu ýere köp sanly ýaşaýjylary çekmek bilen çäklenmän, eýsem, welaýatyň ykdysadyýetini düýpli özgerder. Onuň ähli pudaklarynyň ösüşine täze itergi berer.
Ine, hormatly Prezidentimiziň öz halky barada edýän aladalarynyň çäksizdigine, dowamlydygyna şu aýdylan maglumatlar hem ýene bir ýola şaýatlyk edýär.
Bu wakalar Ahal welaýatynyň taryhynyň täze sahypasyny açýar. Munuň üçin biz Gahryman Arkadagymyza pugta jan saglyk, uzak ömür, rowaçlyklar arzuw edýäris!

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

Our website is protected by DMC Firewall!