abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Häzirki wagtda bu köçäniň ugrunda Panbarhat fabriginiň «Panbarhat», Aşgabadyň dokma toplumynyň «Goza», Türkmenbaşy jins toplumynyň «Bedew», Marynyň Ýeňiş fabriginiň «Ýeňiş», şeýle-de Gökdepe tekstiliniň «Gala» söwda dükanlary dürli öwüşginli dokma önümleri bilen halkymyza hyzmat edýär. Ildeşlerimiz bu dükanlardan özleriniň ösen islegini doly kanagatlandyrýan «Panbarhat», «Ýeňiş», «Bedew», «Gala» haryt nyşanly ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän islendik ýaşdaky adamlar üçin niýetlenilen egin-eşikleri, zenan joraplary, sport lybaslary, panbarhat, ştapel matalary satyn alyp bilýärler. Aşgabadyň dokma toplumynyň «Goza» dükany 100% pagtadan dokalan «ADT», «Wada», «Goza» haryt nyşanly çalgyçlaryny, ýorgan-düşek toplumlaryny, ýumşak çaga oýnawaçlaryny hödürleýär. Buýsandyryjy tarapy, bagtyýar raýatlarymyz bu ýerde dünýäniň ençeme abraýly halkara sergilerine gatnaşyp, ýörite diplomdyr şahadatnamalara eýe bolan, ekologiki taýdan doly arassa önümleri elýeter bahalardan satyn almak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Bu dükanda müşderiler nagt we nagt däl hasaplaşyklary arkaly töleg edip bilerler.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is developed by Dean Marshall Consultancy Ltd