abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Hazar deňziniň huhuk derejesini resmileşdirmek işi 1996-njy ýylyň noýabrynyň başynda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygynda başlandy.
Hazarýaka döwletleri tarapyndan esasy resminamanyň — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň işlenilip düzülmegi bilen ugurdaşlykda sebitara hyzmatdaşlygynyň aýratyn alnan ugurlary boýunça hem resminamalaryň işlenilip düzülmegi dowam etdirildi. 2003-nji ýylyň noýabrynda gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa (Tähran konwensiýasy) — ilkinji bäştaraplaýyn resminama boldy.
Häzirki wagtda bu Konwensiýa boýunça Nebit dökülmelerine garşy göreşmek boýunça (Aktau teswirnamasy), Ýerasty çeşmelerden gelýän hapalanmalardan goramak boýunça (Moskwa teswirnamasy), biologiki köpdürlüligiň goralyp saklanmagy boýunça (Aşgabat teswirnamasy) we transserhet mazmunynda daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek ýaly dört sany Teswirnamalar kabul edildi.
Tähran konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Bu gün — 12-nji awgust — sebitde Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär.
Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň Sammitleri alnyp barylýan gepleşikleriň prosesine uly itergi berdi.
Hazar Sammitleriniň geçirilmegine Türkmenistanda — 2002-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda Ilkinji Hazar Sammitinde badalga berildi, onda kenarýaka döwletleriň Hazar deňziniň hukuk derejesiniň esasy meseleleri, deňizde howpsuzlyk we beýleki meseleler boýunça syýasy ylalaşyklaryň berkidilýän resminamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Jarnamasy bolan bu resminama — 2007-nji ýylyň oktýabrynda Tähranda Hazar bäşliginiň döwlet baştutanlarynyň ikinji maslahatynyň barşynda hazarýaka döwletleriniň baştutanlary tarapyndan gol çekildi.
Üçünji Hazarýaka sammitinde prezidentler Hazar deňziniň howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga we Sammitiň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Hormatly Prezidentimiz Baku şäherinde geçirilen Sammitde çykyş etmek arkaly Hazaryň suw biologiki gorlaryny gorap saklamak we netijeli peýdalanmak, şeýle hem deňizde adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmak we aradan aýyrmak boýunça iki sany ylalaşygyň işlenilip düzülmegi baradaky başlangyjy öňe sürdi.
2014-nji ýylyň sentýabrynda Astrahanda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň dördünji duşuşygynyň dowamynda Beýannama gol çekildi, onda Hazar deňzinde işlemegiň esasy ýörelgeleri ylalaşyldy. Mundan başga-da, Sammitde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Üçünji sammitde öňe sürlen hökümetara ylalaşyga, şeýle hem Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekildi, ol boýunça bilermenlik işi Türkmenistanyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmasynyň monitoringi boýunça Utgaşdyryjy komitetinde (KASPKOM) başlyklyk eden döwrüniň çäklerinde tamamlandy. Sammitiň jemleri boýunça Beýannama kabul edildi. Astrahanda geçirilen sammitde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Hazarda ulag we söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem Hazar ykdysady forumyny döretmek baradaky iki sany täze ylalaşyklary taýýarlamak baradaky teklipler öňe sürüldi.
2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Bäşinji Hazar sammitiniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň bäş sany Prezidentleriniň gatnaşmagynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi taryhy waka boldy.
Şeýle hem sammitde ulag, söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga, çaknaşyklardan gaça durmak hakyndaky ylalaşyklar hem-de Hazarda howpsuzlyk ulgamyndaky ylalaşygyň teswirnamalaryna gol çekildi.
Sammitiň netijeleri boýunça hazarýaka döwletleriniň Prezidentleri Beýan kabul etdiler. Bu resminamada Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen 2019-njy ýylda Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjy öz beýanyny tapandyr. Bu çäre gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de Hazarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmekde möhüm tapgyr bolar.
Hazar deňzi ägirt uly ykdysady, energetika we ulag kuwwatyna eýe bolan möhüm strategik sebitdir.
Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, iri taslamalar üçin şertleri döretmek, Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň halkara derejesindäki orny we hazarýaka döwletleriň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda iri maýa goýum taýdan özüne çekijiligi hakyndaky pikir alyşmalaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Forum medeni maksatnama bilen utgaşdyrylar.
Hazarýaka döwletleriniň işewür toparlarynyň wekilleriniň özara pikir alyşmagy söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä göterer.
Foruma gatnaşjak hazarýaka döwletleriniň wekiliýetleriniň arasynda Hökümetleriň agzalary, hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň ykdysady toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hazarýaka döwletleriniň Hazar sebitindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, kenarýaka döwletleriniň sebitleriniň baştutanlary we sebit dolandyryş edaralarynyň ykdysady toplumlarynyň ýolbaşçylary, kompaniýalaryň, banklaryň, senagatçylaryň we telekeçileriň assosiasiýalarynyň we birleşmeleriniň ýolbaşçylary, işewürler toparlarynyň wekilleri, ylmy işgärler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri bolar. Şeýle-de Foruma gyzyklanma bildirýän, Hazar sebitine ýakyn döwletleriň wekiliýetleri we halkara ykdysady, maliýe, ulag, ekologik we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşar.
Forumyň çäklerinde hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň meselelerine serediler.
Gün tertibinde iri taslamalar üçin şertleriň döredilmegi, Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň global gatnaşyklardaky orny hakynda gepleşikler, nebitgaz, elektroenergetika, ulag, söwda, agrosenagat, syýahatçylyk we hazarýaka döwletleriniň ykdysadyýetleriniň özara gyzyklanma döredýan beýleki pudaklarynda maýa goýumlaryň goýulmagy babatda özüne çekijiligi bolar.
Forumyň dowamynda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi, aýratyn, ýörite, erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň meseleleri boýunça tejribe alyşmak, kanunçylyk, standartlar, kadalar we ykdysadyýet boýunça statistika maglumatlary babatda tejribe alyşmak, sanly ykdysadyýet babatda hyzmatdaşlyk, kenarýaka döwletleriniň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek baradaky başlangyçlar geljekde Hazar sebitiniň ykdysadyýetini has-da ösdürmäge itergi berer.
Forumyň geçirilmegi bilen gabatlanyp, biznes-forumlar we tegelek stollar geçiriler.
11-12-nji awgustda geçiriljek Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi-de işewür toparlaryň we kompaniýalaryň wekilleriniň innowasion gözlegler babatda pikir alyşmaklaryna şert döreder.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is developed by Dean Marshall Consultancy Ltd