abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Her bir ynsanyň, her bir maşgalanyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy ýetip geldi. Täze maksatlaryň, täze başlangyçlaryň gözbaşy hasaplanylýan Täze ýyl güni her bir maşgalada toý saçagy giňden ýazylyp, dürli görnüşli näz-nygmatlar bilen bezelýär. Şol maksat bilen hem uly baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň her bir künjeginde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan göçme söwda nokatlarynyň ençemesi guraldy.
Baýramçylygyň öň ýanyndaky günlerde bu ýerleriň söwdasy has-da gyzgalaňly dowam edýär. Paýtagtymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan «Teke» bazarynyň hem deňesinden sowulman geçer ýaly däl. Bazar tekjelerinde azyk harytlaryndan başlap, baýramçylyk saçagyna gerek bolan ähli harytlar ilata elýeter bahadan hödür edilýär.
Bazaryň töwereginden geçýän raýatlaryň sowulmagyna sebäp bolýan harytlaryň biri-de Täze ýyl sowgatlyklarydyr. Ýerli telekeçilerimiz tarapyndan ýurdumyzda, Ukrainada, Russiýada öndürilen süýjülik önümlerinden doldurylan sandyk, sebet, kagyz gutujyk ýaly sowgatlyklaryň ýüze golaý görnüşi her bir türkmen raýatyny garşy alýar.
Baýramçylygyň esasy nyşany bolan Täze ýyl arçalarynyň ululy-kiçili görnüşleri, olara bezeg berýän köpöwüşginli çyralar, dürli reňkdäki, şekildäki oýnawaçlar baýramçylyk söwdasynyň has-da gyzyşýan pursatlarynda iň bir geçginli harytlaryň hatarynda orun alýar.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is developed by Dean Marshall Consultancy Ltd