abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazaryny kämilleşdirmek babatynda häzirki wagtda uly işler alnyp barylýar. Onuň kanunçylyk binýady berkidilip, bu ugurdaky toplumlaýyn döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun Türkmenistanda gymmatly kagyzlaryň emissiýasy we dolanyşygy mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär we ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazarynyň netijeli işlemeginiň üpjün edilmegine, bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Döwlet obligasiýalaryny birinji gezek ýerleşdirmek köpçülikleýin ýazylyşyk (auksion) arkaly hem, ýapyk teklip (tender) arkaly hem amala aşyrylýar. Korporatiw obligasiýalar, esasan, tender görnüşinde ýerleşdirilýär. Paýnamalary birinji gezek ýerleşdirmek kompaniýalar hakynda kanun bilen düzgünleşdirilýär. Döwlet obligasiýalarynyň ikinji dolanyşygy Londonyň gazna biržasynda bolup geçýär. Häzirki wagtda ol Maýn boýundaky Frankfurtda ýerleşýän nemes biržasy bilen birleşdi. Bazarda adaty we aýratyn hukukly paýnamalar, paýnamalardan döredilen gymmatly kagyzlar, şeýle hem kollektiwleýin maýa goýum gurallary dolanyşykda bolýar.
Şeýle hem dellalçylyk hyzmat hakynyň kesgitli möçberi bellenýär: döwlet obligasiýalary bilen amallar boýunça — nominal bahanyň 0,375%-i, korporatiw obligasiýalar üçin — bazar bahasynyň 0,75%-i, paýnamalar üçin — bazar bahasynyň 1,25%-i. Beýik Britaniýada gymmatly kagyzlaryň listingini ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň 2 müňden gowragy geçirýär.
Umuman, maliýe bazary ýurduň ykdysady ösüşini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Gymmatly kagyzlar bazarynyň üstünlikli hereket etmegi maýa goýum amallaryna mümkin bolan ähli maýadarlary çekmeklige amatly şertleri döreder.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is developed by Dean Marshall Consultancy Ltd