«Pinterest» maýa goýujylara amatly kompaniýa

Güýmenje maksatly internet ulgamy «Pinterest Inc.» kompaniýasy 2020-nji ýylyň dowamynda 226% gymmatlady. Kompaniýanyň ulanyjylarynyň sany 2020-nji ýylda 37% artdy we her aýdaky ulanyjylarynyň sany 100 milliondan geçdi. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde kompaniýa 70% ösüşe garaşýar. Bu görkeziji bilermenleriň beren çaklamasyndan 20% artykdyr. «Pinterest Inc.» öz müşderilerine birek-birek bilen gatnaşyklar we ş.m. internet aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýär. Geçen birža söwdalarynda «Pinterest»-iň bir paýnamasynyň bahasy ABŞ-nyň 79,41 dollaryna barabar boldy.

«Volkswagen» oňyn täzelikleriň esasynda ösdi

Awtoulag öndürýän «Volkswagen AG« kompaniýasynyň «Porsche» bölümçesi gazna biržasynda paýnamalaryny ýerleşdirmekçi bolýar. Täzelik peýda bolandan soň «Volkswagen»-iň paýnamalary 3,75% ösüp, ABŞ-nyň 22,83 dollaryna barabar boldy. Paýnamalary ýerleşdirenden soň «Porsche»-niň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 20-25 milliard dollaryna deň bolar diýlip çak edilýär. Şeýle-de «Volkswagen»-iň paýnamalary Frankfurtyň (Germaniýa) biržasynda 5,7%, Milanyň (Italiýa) biržasynda 5,2% ösüş gazandy.