Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu sene ýurdumyzda täze mana eýe bolup, sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesiniň töwereginde müňlerçe adamy birleşdirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýetimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki saglyk güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, doly bahaly we abadan durmuşyň çeşmesidir. Şonuň üçin hem bu ugur Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, beýleki ugurdaş maksatnamalar durmuşa geçirilýär, lukmançylyk we sport desgalary bilen birlikde, degişli düzümleri kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň aýratyn tagallalary netijesinde, Aşgabatda hem-de sebitlerde sporty ösdürmäge uly üns berilýär, munuň üçin ähli zerur şertler döredildi. Döwrebap enjamlaşdyrylan sport zallarynyň we meýdançalarynyň, suwda ýüzülýän howuzlaryň orta we ýokary okuw mekdeplerinde okaýanlaryň, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda terbiýelenýänleriň hyzmatyndadygyny bellemek gerek. Netijede, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi Türkmenistanda giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe boldy. Ýokary görkezijili sportuň ösüşi hem bu gün täze badalga aldy. Aşgabatda bina edilen Olimpiýa şäherçesi munuň aýdyň mysalydyr. Bu ýerde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Şu ýyl hem bu köpugurly toplumda abraýly halkara ýaryşlar guralar. Bularyň ählisi Bitarap Watanymyzyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmaga, türgenlerimiziň ussatlyklaryny kämilleşdirmäge hem-de täze ýeňişlere ýetmäge höweslerini artdyrmaga we sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmäge, türkmenistanlylary, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary şolar bilen yzygiderli meşgullanmaga giňden çekmäge ýardam edýär. Saglyk ýoly hem bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň özboluşly nyşany bolup durýar. Köpetdagyň gözel gerişlerinden çekilen bu täsin ýoda aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň işjeň dynç alýan söýgüli ýerine öwrüldi. Muňa paýtagtymyzyň günorta böleginde baş şäherimiziň we onuň daş-töwereginiň tebigat gözelligini gorap saklamak boýunça geçirilýän çäreleriň netijesinde kemala gelen hoştap howaly tebigat hem gönüden-göni täsir edýär. Ine, şu gün hem bu ýerde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli däp bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berildi. Ir bilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ýaşlar ýygnandylar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenýän halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu ajaýyp baýram dostlugyň, parahatçylygyň hem-de sportuň belent däplerini dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, bu baýram jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da berkidýän möhüm waka hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin hem biz dünýä bileleşigi bilen birlikde eziz Diýarymyzda bu halkara baýramy ýokary ruhubelentlikde belleýäris. Milli Liderimiz Bütindünýä saglyk gününiň şanyna bagyşlanyp geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriniň Garaşsyz döwletimiziň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny dünýä giňden ýaýýandygyny belledi. Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, halkymyzyň ruhy galkynyşy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, biz köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, umuman, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy däplerini mynasyp dowam edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ýurdumyzda iri sport hem-de atçylyk sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň, Olimpiýa şäherçesiniň gurlup, döwrebap sport düzümleriniň döredilmegi muny aýdyň tassyklaýar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport ulgamy bolsa bu ugurda bize uly ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz döwletimiziň sport senenamasyna ajaýyp wakalaryň ençemesi ýazyldy. Türkmenistan dünýä we sebit derejesindäki iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Eziz Watanymyzyň bu ugurdakу üstünlikleri abraýly halkara guramalar tarapyndan ykrar edilýär. Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz dünýäde olimpiýa hereketini ösdürmäge hem mynasyp goşant goşýar. Şu ýyl paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyry guralar. Şu günler bu iri ýaryşlara gowy taýýarlyk görmek, hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça halkara sport guramalary bilen bilelikde toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu işleriň ählisi sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekany bolan Bitarap döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Garaşsyz Watanymyzda baş baýlygymyz bolan ynsan saglygyna uly üns berilýändigini bütin dünýä äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport çäresine gatnaşyjylaryň ählisini Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, ýörişe gatnaşyjylar Saglyk ýolundan uzap gidýän Arçabil hem-de Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry boýunça agzybirlik bilen herekete başladylar. Aprel aýynyň güneşli, ýakymly säheri, arassa salkyn howa, dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilen Aşgabadyň täzelenen keşbini eliň aýasynda ýaly görkezýän ýaşyl begrese bezenen dag etekleriniň gözel görnüşi ruhuňy belende göterýär. Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ýolunyň ugrunda döredijilik toparlarynyň çykyşlary boldy. Mähriban Watanymyzy, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen oňyn özgertmeleri, sporty, Aziýanyň merjen şäheri — ak mermerli Aşgabadyň gözelligini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar bu çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy we oňa gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterdi. Döwlet Baştutanymyz hemişe bolşy ýaly, welosipedli ýörişiň barşynda birkemsiz beden taýýarlygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiz işiniň örän köpdügine garamazdan, bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga elmydama wagt tapýar, munuň adamyň saglygyna hem-de ruhubelentligine oňyn täsir etmekde, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny berkitmekde, zähmetsöýerlik, maksadaokgunlylyk, tutanýerlilik, özüňe erk etmek ýaly häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän artykmaçlyklaryny şahsy göreldesi arkaly subut edýär. Welosiped sportunyň ýurdumyzda uzak taryha hem-de däplere eýedigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti 1894-nji ýylda, ýagny 127 ýyl mundan ozal döredildi. Şondan bir ýyldan soň bolsa ilkinji ýaryşlar geçirilip, Türkmenistanda sportuň bu görnüşini ösdürmäge badalga berildi. Milli Liderimiziň öňdebaryjy sport syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, bu gün welosiped sporty türkmenistanlylaryň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, welosiped sporty bilen meşgullanmak hem-de welosipedli gezelençler saglyk üçin peýdalydyr, mundan başga-da, tebigatyň gözelligini synlap, lezzet almaga mümkinçilik berýär. Säher bilen arassa howada geçirilen wagt ylhamyňy joşdurýar, tutuş günüň dowamynda keýpiçaglyk, ruhubelentlik berýär. Welosipedli gezelençler dünýäde uly jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň biridir, şeýle çäreler dürli durmuş, sport hem-de ekologiýa taslamalaryny hem-de başlangyçlary goldamak maksady bilen geçirilýär. Şunuň ýaly möhüm ähmiýetli çärelere milli Liderimiziň hut özüniň gatnaşmagy şular ýaly wakalaryň örän möhümdigine güwä geçmek bilen çäklenmän, ynsan saglygy, halkymyzyň durmuş we abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly ähli taslamalaryň derejesini kesgitleýär, şolaryň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygynyň tassyknamasy bolup hyzmat edýär. 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini işjeňleşdirmek we goldamak, milli hem-de ählumumy derejede jemgyýetiň ýokary ekologiýa medeniýetini kemala getirmek ugrunda edýän yzygiderli tagallalarynyň halkara bileleşik tarapyndan giňden ykrar edilendiginiň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça tassyklanylan bu ajaýyp sene raýdaşlyk we ynanyşmak, sagdynlyk hem-de hoşniýetli erk-isleg ýaly gymmatlyklaryň ähmiýetini alamatlandyrýar, sportuň parahatçylygyň hem-de dostlugyň ilçisi hökmündäki mümkinçiliklerini giňeldýär. Bu senäniň şanyna geçen ýyl Aşgabatda “Welosiped” binasy açyldy, onuň ýerleşen ýeri ýurdumyzyň baş şäheriniň ýene-de bir ajaýyp künjegine öwrüldi. Paýtagtymyzyň ajaýyp binalarynyň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanynda köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylara “Döwletliler köşgünde” terbiýelenilýänler hem goşuldy. Bu binanyň dünýäde şeýle desgalaryň iň ulusy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen bu gazna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Milli Liderimiziň gol çeken resminamasynyň esasynda haýyr-sahawat gaznasynyň milli hem-de daşary ýurt pulunda degişli bank hasaplary açyldy. Munuň özi sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyzda ösüp barýan ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşine, ýaşlaryň öz ukyplaryny we zehinlerini açyp görkezmekleri üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegine, howandarlyga mätäç çagalara döwlet tarapyndan goldaw berilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däplerine laýyklykda, milli Liderimiz ýokarda agzalan gaznanyň hasabyna özüniň aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirdi. Häzirki wagtda parasatly ýörelgeler hem-de ýagşy dessurlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynda mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş nesiller hakyndaky alada şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda işjeň syýasy, işewür, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň jemlenen ýeri bolan Aşgabat eziz Diýarymyzyň baş şäheri diýen belent derejesine laýyklykda, dünýä sportunyň iri merkezine hem öwrüldi. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem milli Liderimiziň başyny başlan täzeçil şähergurluşyk strategiýasy netijesinde, ýokary halkara ölçeglere laýyk derejede enjamlaşdyrylan sport we atçylyk sport toplumlary, döwrebap awtodromlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli guruldy, şolar dünýäniň täze çempionlaryny terbiýelemäge hem-de Olimpiýa ätiýaçlygynyň kemala getirilmegine ýardam berýär. Gözlerimiziň alnynda Aşgabatda kuwwatly döwrebap düzüm kemala getirilip, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda biziň yssy howa şertlerimizde adaty bolmadyk görnüşleri — hokkeý we figuralaýyn typmak bilen meşgullanmak üçin hemme zerur şertler döredildi. Türkmenistanlylar sportuň bu görnüşlerini hyjuw we höwes bilen özleşdirýärler. Has uly sport desgalarynyň hataryny örän gysga möhletiň içinde iri ugurdaş desgalar artdyrdy, şolaryň häzire çenli sebitde deňi-taýy ýokdur. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly durmuş ugurly syýasaty netijesinde bu günki gün sagdynlygyň we ruhubelentligiň mynasyp ykrar edilen ýeri — Türkmenistanda bedenterbiýä we sporta eýerýänleriň sany örän köpdür. Şahsy göreldesi ösüp gelýän nesli sazlaşykly terbiýelemek işinde örän uly orun eýeleýän milli Liderimiziň baştutanlygynda birnäçe ýyl bäri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty wagyz etmek we elbetde, Türkmenistany halkara derejesindäki iri sport döwleti hökmünde berkarar etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu möhüm işe ýurdumyz belent ynsanperwerlik ýörelgelerini utgaşdyrýar. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy bilen birlikde, olimpiýa hereketiniň maksatlaryna eýerilmegine gönüden-göni bagly bolup, özünde adamlaryň mümkinçiligini has doly açmaga gönükdirilen belent ynsanperwer mazmuny jemleýär. Häzirki wagtda sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegi, ussatlygy bilen olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryny tassyklaýan türgenler bolsa parahatçylygyň ilçileri hasaplanylýar. Hut şoňa görä-de, halkara derejeli ökde türkmen türgenlerini, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak şu ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanylan «2021 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» beýleki döwlet maksatnamalarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda sport ulgamynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça giň gerimli işler doly güýjünde alnyp barylýar. Ine, 2012-nji ýylda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň ýanynda bina edilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň hem-de Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň täze binalary Aşgabadyň gaýtalanmajak binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşdy. Bu binalar türkmen sportunyň derejesini täze belentlige çykarmaga, Watanymyzyň sport abraýyny has-da artdyrmak işine mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenen bilim ojaklarydyr. Şol ýyl hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi döredildi. 2020-nji ýylda bu ministrligiň täze dolandyryş binasy, şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasynyň açylyş dabaralary boldy. Şolarda Olimpiýa we Aziýa oýunlaryna, beýleki iri halkara ýaryşlara türgenleri taýýarlamak işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Umuman, bularyň ählisi Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna kybap gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini aýtmaga mümkinçilik berýär. ...Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygyndaky welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň topary paýtagtymyzyň ajaýyp şaýollary boýunça hereketini dowam etdi. Giň şaýollar, olaryň ugrunda peýda bolan belent ak mermerli binalar, özboluşly bezegli çüwdürim toplumlary, abadanlaşdyrylan seýilgähler hem-de ýaşyl zolaklar, köpöwüşginli gülzarlyklar kalbyňy joşdurýar, olar şu ýyl özüniň 140 ýyllyk şanly senesini belleýän Aşgabadyň keşbine aýratyn öwüşgin çaýýar. Bu sene hem-de döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üstüni ýetirjek ýene-de birnäçe täze desgalar açylyp, ulanmaga berler. Milli Liderimiz ýurdumyzda köpçülikleýin sport çäreleriniň sagaldyş hem-de terbiýeçilik ähmiýetinden başga-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatynda-da möhüm ähmiýete eýe bolup, jemgyýetde ekologiýa garaýyşlarynyň kemala gelmegine ýardam edýändigini belleýär. Ekologiýa medeniýeti hem-de sagdynlyk bitewi düşünjelerdir. Ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi bolan welosiped mähriban ýurdumyza gezelenç hem-de syýahat etmegiň amatly serişdesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemişe daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň, ekologiýa abadançylygyny berjaý etmegiň zerurdygyny nygtap, bu meselelere aýratyn üns berýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen alnyp barylýan tebigaty goramak strategiýasynyň çäklerinde, her ýyl paýtagtymyzda we welaýatlarda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär. Şeýle çäreleriň netijesinde, Aşgabatda we onuň töwereklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň obalarynda we şäherlerinde ýaşyl zolaklaryň meýdanlary hem-de bag-seýilgäh zolaklary barha giňeýär. Nobatdaky şeýle dabara geçen aýda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Halkara Nowruz gününe — Milli bahar baýramyna gabatlanyp guraldy. Saglyk baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, häzirki wagtda berk saglyk derejesini saklamazdan, jemgyýetde üstünlik gazanmagyň aňsat däldigini bellemek ýerlikli bolar. Munuň özi işjeň durmuş ýörelgesini, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy aňladýar. Şunda welosiped sportunyň artykmaçlygy äşgärdir, çünki ulagyň bu görnüşi dürli ýaşdaky adamlar üçin hem elýeterlidir. Welosipedli gezelenç edýän wagty adamyň öz bedeniniň ähli möhüm agzalaryny diýen ýaly herekete getirýändigi, munuň bolsa çydamlylygy artdyrýandygy, ruhubelentligi ýokarlandyrýandygy, ýürek, gan-damar we beýleki keselleriň töwekgelçiligini azaldýandygy, gan basyşynyň kadalaşmagyna hem-de ýadawlygyň aýrylmagyna ýardam edýändigi ylmy taýdan subut edildi. Welosiped sürlende beýniniň gan aýlanyşy işjeňleşýär, bu bolsa ünsüňi jemlemäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da welosipedli gezelenç bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny berkidýär. Tutuş maşgala ýa-da dostlar bilen bilelikde arassa howada wagtyňy peýdaly geçirmek welosiped sportunyň artykmaçlygydyr. Welosipedçiler topary Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça binagärlik toplumlary hem-de gözelligi bilen haýran galdyrýan paýtagtymyzyň merkezine tarap ýoluny dowam etdirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde şu günki köpçülikleýin ýörişiň tamamlanýan ýeri bolan Döwlet münberi ýerleşýän ýurdumyzyň Baş meýdançasyna geldi. Milli Liderimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişiň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli bolşy ýaly, onuň tutuş ilatymyzy bedenterbiýe-saglyk hereketine işjeň çekmekde ähmiýetlidigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, ekologiýa ugruny nazarlaýan şeýle çäreleri diňe bir adam saglygyna oňyn täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetimizde agzybirligi pugtalandyrýar we adamlary täze döredijilik üstünliklerine, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyryljakdygyny belledi. Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli baýramçylyga taýýarlyk görülýän günlerde Diýarymyzyň baş şäheriniň arassaçylyk, abadançylyk derejesine, dabaralara görülýän taýýarlyk işleriň guramaçylyk ýagdaýyna möhüm üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport çäresine gatnaşýanlar bilen hoşlaşyp, olara üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady. Şeýlelikde, şu gün guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, sagdynlygyň hem-de parahatçylygyň, milli Liderimiziň baştutanlygynda ynamly öňe, döredijiligiň hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara sport hereketiniň taglymlaryna ygrarlydygyny ýene bir gezek görkezdi. *** Şu gün Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan welosipedli ýörişler we dürli sport çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesinden ruhlanan, türkmenistanlylaryň köp sanlysy döwlet Baştutanymyz tarapyndan döredilen şertleriň netijesinde, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanýarlar, türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleriniň sany barha köpelýär, sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň abraýy bolsa has-da belende galýar. TDH

ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli «Ýokary hilli söwda hyzmatynyň nusgasy» atly bäsleşik yglan edýär Bäsleşigiň maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň 26-njy fewralynda çykaran Karary esasynda, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň KA-nyň Geňeşi «Ýokary hilli söwda hyzmatynyň nusgasy» atly bäsleşik yglan edýär. Bäsleşigiň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň raýatlaryň bolelin durmuşda ýaşamaklary barada edýän aladalary hem-de söwda işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini doly we üstünlikli durmuşa geçirmek, ilata edilýän söwda hyzmatynyň medeniýetini, hilini ýokarlandyrmak, harytlara we önümlere bolan islegi doly kanagatlandyrmak, söwda hyzmatynyň hiliniň ýokarylygyny gazanmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň düzgünleri Bäsleşige Aşgabat şäherinde hereket edýän ähli söwda dükanlary gatnaşyp bilerler we bäsleşik 2021-nji ýylyň aprel-maý aýlary aralygynda geçiriler. Bäsleşigiň birnäçe şertleri — Dükanyň arassaçylyk ýagdaýy; Dükanda wagyz-nesihat we sagdyn durmuş işleriniň alnyp barlyşy; Dükanda şu günki döwre estetik öwüşgin berlişi; Dükanda zähmeti goramak we tehniki gözegçilik işleriniň alnyp barlyşy; Dükanda alyjylar burçunyň üpjün edilişi we arza-şikaýatlar kitabynda ýazgylaryň alnyp barlyşy, Dükanda haryt bolçulygy, gündelik halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjünçiligi; Dükanda ilata edilýän söwda hyzmatynyň guralyşy; Dükanyň tekjelerinde harytlaryň toparlara laýyklykda goýluşy we olaryň ammarda saklanylyşy; Dükanda hasaplaşyk (kassa) enjamlarynyň ýöredilişi; Dükanda iş düzgünleriniň berjaý edilişi; Dükanda aýlyk meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi; Satyjynyň ýörite niýetlenilen egin-eşikleriniň talabalaýyklygyndan ybarat bolup durýar. Bäsleşigiň geçiş tertibi Bäsleşik Aşgabat şäheri boýunça bir tapgyrda geçirilip, eminler toparynyň agzalary tarapyndan oňa gatnaşýan dükanlaryň ýeňijileri kesgitlener. Bäsleşik Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň KA-nyň Geňeşi tarapyndan düzülen guramaçylyk, eminler toparynyň netijesi boýunça jemlenýär hem-de 2021-nji ýylyň maý aýynyň 25-ine ýeňijiler kesgitlener. Söwda dükanlarynyň arasyndaky bäsleşikde 1 sany 1-nji, 1 sany 2-nji, 1 sany 3-nji ýerler bellenilip, olar Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň KA-nyň Milli merkeziniň gymmatbahaly sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglanar.

Türkmenistanyň “akylly” şäherleri - Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sanly binagärligi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Ahal welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan sebitiň täze döwrebap edara ediş merkezi bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz “akylly” şäheriň ägirt uly taslamasyny durmuşa geçirmäge, ýagny, maglumat hem-de kommunikasion tehnologiýalaryň esasynda onuň düzümini döretmäge aýratyn ünsi çekdi. Şol tehnologiýalar durmuşyň ähli ugurlaryna hem-de sanly ulgamy sazlaşykly baglanyşdyrar. Sözüň doly manysynda, munuň özi bitewi aň-paýhas ulgamynyň ýaýbaňlandyrylmagyny aňladýar. Oňa ulag hereketinden başlap, ekologiýa çenli ähli maglumatlaryň berilmegini aňladýar. Degişli gulluklar şol maglumatlara eýe bolmak bilen, energiýanyň paýlanylyşyny gowulandyrmaga, zir-zibilleriň ýygnanylmagyny ýeňilleşdirmäge, ýolda bökdençlikleriň aradan aýrylmagyna, hatda, howanyň hiliniň gowulandyrylmagyna mümkinçilik alýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şäher giňişliginiň şeýle gurluşy raýatlarymyzyň has amatly, oňaýly hem-de howpsuz durmuşy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, raýatlaryň bu işlere gatnaşmagy “akylly ” şäheriň möhüm ugry bolup durýar. Raýatlar onuň aň-paýhas ulgamy arkaly hödürlenýän hyzmatlaryň hiline, olaryň geriminiň giňeldilmegine ýardam edip bilerler. Mysal üçin, olar ykjam aragatnaşygy ulanyp, işlemeýän ýolyşyklary ýa-da duralgada ýerleriň ýetmezçiligi baradaky maglumatlary iberip bilerler. Şondan soň şäheriň degişli edaralary bu meseleleri çözmegiň ugruna çykarlar. Şol zir-zibil gaplary özleriniň doldurylandygy baradaky habary jemagat gullugyna iberip bilerler. Munuň özi akylly şäherleriň işleýşiniň usullarynyň bir bölegidir. Mundan başga-da, köpsanly degişli gurallar bardyr. Başgaça aýdylanda, bu şäheriň ýaşaýjylary öz töwereklerinde isleýişleri ýaly amatly gurşawy döredip, şäheri ösdürip bilerler. Simsiz tehnologiýalar, sensor görkezijiler, internet ulgamy ulanylýan häzirki döwürde bularyň ählisi hyýalbentlik däl-de, täzeçe şäherleşmekdir, bu täzeçillikler ylmy-tehnologiýa ösüşleri, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy, sanly ykdysadyýetiň hem-de bilimler jemgyýetiniň döredilmegi bilen biziň durmuşymyza ornaşýar. “Akylly” ulgamlar eýýäm Aşgabadyň täze ýaşaýyş toplumlarynda ornaşdyryldy. Ýöne Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi giň gerimli sanly ulgamy öz içine alýan birinji şäher bolar. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda bu giň gerimli gurluşyk meýdançasynda 15 müňden gowrak hünärmeniň işleýändigini belläp, olaryň tejribesiniň Aşgabat-sitiniň gurluşygynda ulanylyp biljekdigini aýtdy. Şol ýerde hem “akylly” şäheriň konsepsiýasy durmuşa geçiriler. Şeýlelikde, adamlaryň bähbidine hyzmat edýän innowasion ulgamlar ýurdumyzda şäher gurluşygynyň durnukly ösmegi üçin tehnologik çemeleşmeleriň esasyny döredýär. Milli Liderimiz bu işi döwlet hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, edaralaryň işiniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň jemgyýetçilik bilen maglumatlarynyň alyşmagyny gowulandyrmaga gönükdirýär. “Akylly” şäheriň esasy ugurlarynyň biri ekologiýa başlangyçlary bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň edara ediş merkeziniň täze desgalary bilen tanyşlygynyň barşynda bu meselä aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz şäheriň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birinde gurulýandygyny aýdyp, bu tebigy gözelligi saklap galmak üçin “ýaşyl” tehnologiýalary giňden ulanmagyň wajypdygyny belledi. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin ekologiýa, durmuş we ykdysady taýdan durnuklylyk möhüm şert bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ählumumy gün tertibini kabul etmek boýunça BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda çykyş edip, daşky gurşawy goramak barada alada etmezden döwletleriň hem-de dünýäniň halklarynyň durmuş we ykdysady ösüşiniň gazanyp bolmajakdygyny aýtdy. Aşgabadyň häzirki abadan we arassa keşbi Türkmenistanyň kämil ekologiýa medeniýetiniň durmuşa geçirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi dünýäniň köp döwletleri üçin aýdyň mysal bolup hyzmat edýär. Aşgabadyň bu günki bezemen, amatly we abadan keşbi Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri üçin nusga bolmaga mynasyp ekologiýa medeniýetini kemala getirmek tapgyryna girişendiginiň anyk subutnamasydyr. Ekologiýa medeniýeti, hakykatdan hem, ählumumy ruhy gymmatlyklary hem-de ahlak ýörelgelerini, dünýägaraýyşlary, toplumlaýyn döwlet çärelerini, ykdysady gurallary, hukuk kadalaryny, durmuş düzümlerini öz gerimine alýar. Häzirki wagtda aň-paýhas ulgamlarynyň uly mümkinçilikleri peýdalanylýar. “Akylly” şäheriň wezipeleri özüne energiýa üpjünçiligini (mysal üçin, ýollar adamsyz bolanda, öçügsi ýagty saçýan köçe yşyklandyryjylaryny) birleşdirýär. Şeýle tehnologiýalar bizde elektrobuslary ornaşdyrmagyň hem-de ekologiýa taýdan arassa gaz benzininiň ulanylmagynyň hasabyna zyýanly zyňyndylary azaltmaga hem-de arassaçylyk kadalaryna gözegçilik etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen tanyşlygynyň barşynda elektromobilleri ulanmak hem-de “akylly awtoparklary” gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde işlemegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda dünýä tejribesinde ýol we ýangyn howpsuzlygy ulgamlarynda, şäherde arassaçylygy saklamakda, şeýle hem gün batareýalaryny we ýel generatorlaryny ulanmakda innowasion tehnologiýalaryň giňden ulanylýandygyny belledi. Bularyň ählisine howanyň üýtgemegine we onuň hapalanmagyna garşy ählumumy göreşde mynasyp goşant hökmünde baha bermek bolar. Aralykdan bilim bermek, telelukmançylyk hem-de intellektual saglygy goraýyş üçin uly mümkinçilikler bar. Milli Liderimiz durmuş syýasatynda bu meselä uly üns berýär. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem “akylly” şäher bilen baglanyşykly tehnologiýalary ösdürmekde, milli ykdysadyýetimize öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmakda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berýär. Singapur şäher-döwleti “akylly” şäherleri döretmekde öňdebaryjylaryň biri bolup durýar. Şol ýerde internet kameralary jemgyýetçilik ýerlerinde arassaçylyga, bellige alnan ulag serişdeleriniň hereketine doly gözegçilik edýär. Singapurda şeýle hem energiýanyň sarp edilişine, suwuň dolandyrylyşyna, adamlaryň saglygynyň üpjün edilişine gözegçilik edýän ulgam bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň awgustynda Singapur Respublikasyna bolan saparynyň barşynda Singapuryň iri kompaniýalaryny Aşgabat-siti bilen baglanyşykly ägirt uly taslamany durmuşa geçirmäge hem-de şäher hojalygyny dolandyrmak ulgamyna IT-tehnologiýalary ornaşdyrmaga çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň gurluşyklaryny ösdürmäge, sanly ulgamlary, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça merkezleriň döredilmegine aýratyn üns berýär. Şol merkezler ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmelidir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn özgertmeler ýoluna düşip, “akylly” şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi şäher medeniýetiniň täze nusgasyna öwrülmelidir. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek, jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda sanly ulgamlary peýdalanmak babatda anyk wezipeleri kesgitledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ösüşi üçin onlaýn-serişdelerini we elektron hyzmatlaryny ulanmagyň ähmiýetini nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döwlet hyzmatlarynyň bitewi Internet-portaly döredildi. Ol “bir penjire” awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyndan ybaratdyr. Ýurdumyzyň programma üpjünçiliginiň işläp taýýarlamalaryny hem-de maglumat-oýlap tapyş işini höweslendirmek maksady bilen “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag we kommunikasiýalar, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi işewürlik, “akylly” şäher ugurlary boýunça “sanly çözgüt-2021” atly täze innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan edildi. Bu çäreleriň ählisi Türkmenistanyň sanly gün tertibi bilen yglan edildi. Häzirki wagtda bu ulgam tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyryldy. Sanly ulgama geçmek dünýäniň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ol gündelik durmuşa hem-de işe giňden ornaşdyrylýar, kommunikasiýanyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Şeýle giň gerimli özgerişlikler bilen baglylykda, täze pudaklar, bazarlar, dolandyryşyň usullary peýda bolýar. Biz ýurdumyzyň bu babatda döwür hem-de tehnologiki ösüş bilen aýakdaş gitmegine uly ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, maglumatlary bermek ulgamyny, kommunikasiýalar düzümini ösdürmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda iş dolandyryş ulgamyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy babatda döwlet Baştutanymyz häkimliklere hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralaryna bu işi aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Munuň üçin oba ýerlerinde hem internete elýeterliligi üpjün etmek, degişli düzümi taýýarlamak hem-de maglumat baradaky hyzmatlary giňeltmek zerur bolup durýar. Intellektual birikdirme ulgamlarynyň döredilmegi biziň şäher çäklerimiz üçin köp amatlyklary döredip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, çig mal, tehniki, işgärler serişdelerini, halkymyzyň aň-paýhas kuwwatyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bu wezipeleriň netijeli çözülmegi hökümetiň, hususy ulgamyň we ýaşaýjylaryň bitewi çemeleşmesine baglydyr. Munuň özi häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän “akylly” şäher konsepsiýasynda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sanly binagärligidir. TDH

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanan sergi dowam edýär

17-18-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Sergä 190 kompaniýa we aýry-aýry telekeçiler gatnaşyp, täze önümlerini we maýa goýum ösüşlerini görkezýärler. Şeýle-de, milli Nowruz baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralary nazara alyp, serginiň guramaçylary çäräniň möhletini 23-nji marta çenli uzaltmak kararyna geldiler. Türkmenistanyň paýtagtynda dowam edýän sergi ýurdumyzyň senagat pudagynyň mümkinçiliklerini diňe bir görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de importyň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň önümçiligini artdyrmaga gönükdirilendir

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan, Maltadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, nebit bitumyny, şeýle hem Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Maltadan, Gonkongdan gelen täjirler polietileni hem-de gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan döwletleriniň täjirlerine daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 49 million 554 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan gelen işewürler toparlarynyň wekilleri bahasy 8 million manatlyga golaý bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

“Türkmen Logistika” Assosasiýasynyň transport diplomatiýasy boýunça fakultatiw sapaklary

2021-nji ýylyň 4-nji martynda «Owganystan-Türkmenistan-Azerbeýjan-Gruziýa-Türkiýe (Lýapis-Lazuli)” transport ugury boýunça şertnama gol çekilmeginiň wajyplygy” temasy boýunça “Türkmen Logistika” Assosasiýasynyň nobatdaky fakultatiw sapagy geçirildi. Sapagy Assosasiýanyň başlygynyň orunbasary Sähra Meretdurdyýewna Amanowa geçirdi. Okuw sapay wideogörnüş boýunça alynyň baryldy. Sapaga Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. Meýilleşdirilen öwrenijilik ähmiýeti okuw sapagy boýunça çykyş eden mugallymlar, ýokarda agzalan tema boýunça talyplaryň gözýetimini giňeltmäge ýardam berdiler.

Türkmenistanyň we halkara guramalaryň wekilleri ulag hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

11-nji martda halkara ulag hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň we halkara guramalaryň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň şeýle-de ulag ulgamynda iş alyp barýan döwlet agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga BMG-niň degişli agentlikleriniň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň hem-de beýleki maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar ulag hyzmatdaşlygyny berkitmek, şol sanda serhetden geçiş tertiplerini ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak bilen bagly pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda, şu ýylyň 19-njy we 22-nji fewraly aralygynda hünärmenler derejesinde geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça taýýarlanylan sanitar-epidemiologiki nukdaýnazaryndan howpsuz synag ulag-üstaşyr kerwenleriniň ýola goýulmagy, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işiniň kämilleşdirilmegi we ýurdumyzda ulag ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy baradaky maslahatlara garaldy.

«Sanly ykdysadyýet» okuw meýilnamalarynda

Bazar ykdysadyýetiniň häzirkizaman şertlerinde maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň esasy maksatlarynyň biri hem ilatyň pul-karz we durmuş-ykdysady goraglylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, bank we maliýe hyzmatlaryndan işjeň peýdalanmagyny üpjün etmek we höweslendirmekden ybaratdyr. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bilim alýan talyp ýaşlara özleriniň saýlap alan hünärleri boýunça birnäçe okuw derslerinden bilimler berilýär. Şeýle-de institutymyzyň okuw meýilnamalaryna mähriban Arkadagymyzyň kabul eden degişli Kararlaryndan ugur alnyp, 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», 2018-nji ýylda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de 2020-nji ýylda «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, sanly ulgamy öwretmek maksady bilen, «Sanly ykdysadyýet» dersi girizildi. Bularyň ählisi ykdysadyýetimiziň köp ugurlarynda sanly ulgama geçilýän döwürde ýaşlaryň maliýe başarnyklaryna hem-de ykdysady gatnaşyklardan netijeli baş çykaryp bilmeklerine ýardam eder. Sanly bilimiň, ylmyň we sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine berilýän ünsüň barha güýçlendirilmegi, bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlaryň we hünärmenleriň durmuş tejribesiniň has-da baýlaşmagyna oňyn täsir edýär. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda sanly bilimiň, ylmyň we sanly ykdysadyýetiň ulgamlarynyň ösdürilmeginiň Konsepsiýalary we Maksatnamasy halk hojalyk toplumyny sanly ulgam esasynda ösdürmek işinde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyzda talyp ýaşlara dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde bilim berilmegi milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmekde döredýän giň mümkinçilikleri, goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 13 ýyllygyna bagyşlanan sergi gurnalar

Şu ýylyň 17-18 mart aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 13 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçer. Sergä ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda işleýan edara we kärhanalary gatnaşarlar. Şeýle-de, 17-nji martda serginiň çäginde Birleşmäniň welaýat agzalarynyň gatnaşmagynda onlaýn-konferensiýa geçiriler.

Ynamdar ödeýär ynamy

Bu gün ýurdumyzda ilata internet arkaly oturan ýerinden gerek harytlaryny satyn almak mümkinçiligini hödürleýän onlarça internet dükanlar hereket edýär. Şolaryň içinde iň öňdebaryjylaryň biri hökmünde müşderileriň ynamyny we söýgüsini gazanmagy başaran «Ynamdar» onlaýn dükany aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Nurmuhammet Gapurow tarapyndan esaslandyrylan «Ynamdar» onlaýn dükany ildeşlerimize öýünde ýa-da iş ýerinde oturan ýerinden gündelik durmuşda ulanylýan harytlaryň islendik görnüşini satyn almaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin öz smartfonyňyzdan internete baglanyp, «ynamdar.com» salgysyndaky ýa-da «Ynamdar» ýörite goşundysyndaky onlaýn dükandan özüňize gerekli harytlary saýlap, sebede goşaýmaly. Siziň saýlan harytlaryňyz onlaýn dükanyň operatorlary tarapyndan hasaba alynýar. Soňra saýlap alan harytlaryňyz size amatly bolan wagtda öz beren salgyňyza getirilýär.

Türkmenistan — ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy: sebitara hyzmatdaşlygy konstruktiw häsiýete eýe bolýar

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ýokary derejeli 14-nji mejlisine türkmen tarapynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda Türkmenistan YHG-ä başlyklyk eder. Bu wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli konsepsiýanyň taslamasy taýýarlanyldy we onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Agza döwletleriň ykdysady, tehniki we medeni hyzmatdaşlygyny ilerletmek; sebitiň dünýä söwdasyndaky ornuny artdyrmak, agza döwletleriň dünýä ykdysadyýetine yzygiderli utgaşygyny üpjün etmek; sebitiň ýurtlaryny biri-biri hem-de daşarky dünýä bilen baglanyşdyrýan ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek; sebitiň agrar we senagat mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak; neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy tagallalary birleşdirmek, daşky gurşawy goramak, sebitiň halklarynyň arasyndaky däp bolan medeni aragatnaşyklary berkitmek; sebitara we halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işiniň esasy maksatlary we ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýär. 2008-nji ýylyň 28-nji maýynda döwlet Baştutanymyz bu guramanyň şol wagtky Baş sekretary Hurşid Anwary kabul edipdi. Türkmenistanyň sebitde geosyýasy hem-de geoykdysady taýdan amatly ýerleşişini göz öňünde tutup, Hurşid Anwar geljekde Stambul — Tähran — Aşgabat — Daşkent — Almaty aralygynda göni ýük gatnawyny açmagyň maksadalaýyklygyny teklip edipdi. Hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň Tähranda geçirilen 10-njy ýubileý duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistan parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolup we oňyn bitaraplyk ýörelgesine eýerip, sebitleýin derejede, şol sanda YHG-nyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy işeňňirleşdirmegiň tarapdary bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga ýardam etjek möhüm başlangyçlarynyň birnäçesini öňe sürdi. Ilkinji nobatda, energiýa geçirijileriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge, suw-energetika meselelerini çözmäge, sebitara ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmäge degişli başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. 2011-nji ýylyň maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Özbegistan Respublikasynyň hökümetleriniň arasynda Halkara ulag hem-de üstaşyr geçelgesini döretmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi aýratyn bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiz köpugurly ulag infrastrukturasyny döretmegiň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýene bir möhüm ugry bolup, şol infrastrukturanyň ykdysady we sosial ösüş boýunça milli we sebit derejesindäki meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm faktorydygyny belleýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň täze Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerini döretmek, şol sanda Ýewropadan Pars aýlagynyň deňiz portlaryna tarap ýoly has gysgaldýan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny gurmak boýunça birnäçe başlangyçlar durmuşa geçirildi. Ýewraziýa giňişligindäki beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleri döredýän ulag-kommunikasion taslamalary amala aşyrmak üçin tagallalary işeňňirleşdirmekde hem möhüm işler amala aşyrylýar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy döredilen gününden bäri onuň Tertipnamasynda beýan edilen ýörelgelere we maksatlara eýermek arkaly, haýsydyr bir syýasy ýa-da ideologik garaýyşlardan azat bolan ykdysady hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde öz ugruny saklap galdy. Şu ýörelgelere eýerip, YHG sebitiň çäklerinden çykyp, beýleki halkara guramalary we köpsanly ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär hem-de gatnaşyklary giňeldýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň garaýşyny beýan etmek bilen, energetika we ulag ulgamlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, kämilleşdirilmegini we olaryň diwersifikasiýasyny hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezýär. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda energiýa geçirijileriň akymlarynyň toplumlaýyn howpsuzlygyny üpjün etmek meselesiniň möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekip, hut şu maksat bilen Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna energetiki çig malyny dünýä bazaryna üstaşyr geçirmegiň howpsuzlygy bilen bagly möhüm mesele boýunça giň halkara gepleşigine girişmek baradaky teklibi beripdi. Mälim bolşy ýaly, degişli Rezolýusiýanyň taslamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna berlende Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolup durýan ähli ýurtlaryň şol Rezolýusiýanyň awtordaşlary bolup çykyş etdi we ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda biragyzdan kabul edildi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sebitleýin meýilnamalaşdyryş geňeşiniň nobatdaky 22-nji maslahaty 2012-nji ýylyň 11-13-nji iýunynda geçirildi. Bu forumyň işine Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň maliýe we býujet edaralarynyň ýolbaşçylary hem işjeň gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynda 2017-nji ýylyň 1-nji martynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet baştutanlarynyň Pakistan Sammitine gatnaşdy. 2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bilen Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistana gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hadi Suleýmanpur bilen duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň YHG bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini, esasan hem, ykdysady we durmuş ulgamlarynda sebitleýin taslamalary ilerletmek bilen meşgullanýan iri halkara guramasy hökmünde garaýandygyny we döwletimiziň öz üstüne alan ähli borçnamalaryna, möhüm bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça öň gazanylan ylalaşyklara ygrarlydygyny tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sebit boýunça ähli goňşulary bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary mundan beýläk hem işjeň ösdürer.

Beýik Britaniýa bilen söwda gatnaşyklary ösýär

Şu gün Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda baradaky ýörite wekili hanym Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekilleri bilen söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan mejlise Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan “açyk gapylar” syýasatynyň oňyn häsiýetini bellediler. Bu syýasat şeýle hem Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini şertlendirýär. Gepleşikleriň dowamynda «JCB Sales Limited» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berildi, bu kompaniýa Türkmenistan üçin ýörite tehnikalary we enjamlary ibermäge gyzyklanma bildirýär. Şeýle hem maýa goýumlary çekmek hem-de bilelikdäki taslamalaryň beýleki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.